2 patyşalar Chapter 15

For English

Read 2 patyşalar Chapter 15 Online

Read 2 patyşalar Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 patyşalar and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 patyşalar 15

Bap 15

1. Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Amazýanyň ogly Ýahuda patyşasy Uzyýa patyşalyk edip başlady.

2. Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa Iýerusalimdendi.

3. Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.

4. Muňa garamazdan Uzyýa sežde edilýän ýerleri aýyrmady. Bütin halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.

5. Reb oňa ýokançly deri keseli bilen ezýet berdi. Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.

6. Uzyýanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

7. Uzyýa atababalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýotam patyşa boldy.

8. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz sekizinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Zakarýa Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada alty aý şalyk sürdi.

9. Zekarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.

10. Ýabeşiň ogly Şallum Zekarýa garşy dildüwşük gurap, ony halkyň öňünde urup öldürdi-de, onuň ýerine özi patyşa boldy.

11. Zakarýanyň beýleki işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

12. Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.

13. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Ýabeşiň ogly Şallum patyşa bolup, Samarýada bir aý patyşalyk etdi.

14. Onsoň Gadynyň ogly Menahym Tirzadan çykyp, Samarýa geldi. Ol Samarýada Ýabeşiň ogly Şallumy öldürip, özi onuň ýerine patyşa boldy.

15. Şallumyň beýleki işleri, guran dildüwşügi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

16. Şol döwürde Menahym Tirzadan başlap, Tipsada we onuň etraplarynda ýaşaýanlaryň baryny gyrdy. Özüne galanyň derwezesini açmandyklary üçin, olaryň baryny gyrdy we göwreli aýallarynyň garynlaryny ýardy.

17. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Gadynyň ogly Menahym Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samarýada on ýyl patyşalyk etdi.

18. Menahym Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol bütin ömrüne Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.

19. Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi.

20. Menahym Aşur patyşasyna kümüş bermek üçin Ysraýyldaky baýlaryň baryna jan başyna bir ýüz mysgaldan gowrak kümüş salgyt saldy. Şondan soň Aşur patyşasy ýurtda galman yzyna gaýtdy.

21. Menahymyň beýleki işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

22. Menahym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Pekahýa onuň ýerine patyşa boldy.

23. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň ellinji ýylynda Menahymyň ogly Pekahýa Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada iki ýyl şalyk sürdi.

24. Pekahýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.

25. Öz serkerdesi Remalýanyň ogly Peka elli sany gilgatly bilen Pekahýa garşy dildüwşük gurady. Peka Samarýada köşgüň içki galasynda Argop we Arýe bilen birlikde Pekahýanyň üstüne hüjüm edip, ony öldürip, ýerine özi patyşa boldy.

26. Pekahýanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

27. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi.

28. Peka Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.

29. Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.

30. Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy.

31. Pekanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

32. Remalýanyň ogly Ysraýyl patyşasy Pekanyň şalygynyň ikinji ýylynda Uzyýanyň ogly Ýahuda patyşasy Ýotam patyşalyk edip başlady.

33. Ýotam patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy.

34. Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.

35. Muňa garamazdan, ol sežde edilýän ýerleri aýyrmady. Halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp, gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy.

36. Ýotamyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

37. Şol döwürde Reb Aram patyşasy Resini, Remalýanyň ogly Pekahýany Ýahudanyň garşysyna goýberip başlady.

38. Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.

About 2 patyşalar Chapter 15

Read 2 patyşalar Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 patyşalar
Chapter: 15
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 patyşalar Chapter 15 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 patyşalar Chapter 15?

2 patyşalar Chapter 15 is part of the Book of 2 patyşalar in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 patyşalar Chapter 15 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-patyşalar

  1. 2 patyşalar Chapter 1
  2. 2 patyşalar Chapter 13
  3. 2 patyşalar Chapter 8
  4. 2 patyşalar Chapter 4
  5. 2 patyşalar Chapter 22
  6. 2 patyşalar Chapter 16
  7. 2 patyşalar Chapter 11

Explore More from Köne Äht

  1. Gelip çykyş Chapter 30
  2. Zebur Chapter 25
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
  4. Ester Chapter 2
  5. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18
  7. 2 patyşalar Chapter 16

Related Chapters & Readings

  1. 2 Şamuwel Chapter 8
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. Zebur Chapter 45
  4. 1 Şamuwel Chapter 10
  5. Lukanyň Hoş Habary Chapter 19
  6. Amos Chapter 5
  7. Nehemýa Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *