Amos Chapter 3

For English

Read Amos Chapter 3 Online

Read Amos Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Amos in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Amos and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Amos 3

Bap 3

1. Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:

2. «Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.

3. Heý, belleşmezden iki adam bile ýola düşermi?

4. Awy oňmadyk şir jeňňelde arlarmy näme? Hiç zat awlamadyk arslan süreninde hyrlarmy näme?

5. Ýerde duzak gurulmasa, guş duzaga düşermi? Içine bir zat düşmese, ýerden gapan göçermi?

6. Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?

7. Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.

8. Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?».

9. Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samarýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň».

10. Reb şeýle diýýär: «Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler.

11. Şonuň üçin duşman ýurduňyzy gabawa salar sizi güýç-kuwwatdan düşürip, galalaryňyzy talaňçylyga berer». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

12. Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samarýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».

13. Eşidiň we Ýakup nesillerine güwälik beriň, Gudratygüýçli Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär:

14. «Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm, Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin. Gurbanlyk sypalaryň şahlary kesilip ýere gaçar.

15. Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn, pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin, beýik jaýlaryň soňuna çykaryn». Muny Reb aýdýandyr.

About Amos Chapter 3

Read Amos Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Amos in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Amos
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Amos. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Amos Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Amos Chapter 3?

Amos Chapter 3 is part of the Book of Amos in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Amos Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Amos

  1. Amós Chapter 1
  2. Amos Chapter 6
  3. Amos Chapter 5
  4. Amos Chapter 1
  5. Amos Chapter 4
  6. Amos Chapter 8
  7. Amos Chapter 5

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 62
  2. Zebur Chapter 139
  3. Ýermeýa Chapter 28
  4. Gelip çykyş Chapter 44
  5. Işaýa Chapter 25
  6. Zebur Chapter 144
  7. Işaýa Chapter 8

Related Chapters & Readings

  1. Ezekiýel Chapter 34
  2. Zebur Chapter 74
  3. Wagyz kitaby Chapter 1
  4. Zebur Chapter 19
  5. Işaýa Chapter 55
  6. Eýýup Chapter 8
  7. Eýýup Chapter 42
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *