Read Nahum Chapter 3 Online
Read Nahum Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nahum in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Nahum and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Nahum 3
Bap 3
1. Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, Tükenmezdir seniň talaňçylygyň!
2. Gamçy sesi, Araba tigirleriniň takyrdysy, Çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!
3. Atly goşun hüjüm edýär, Gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar, Üýşmek-üýşmek meýitler, San-sajaksyz läşler, Maslyklara büdreýärler!
4. Bularyň bary zynahorluk edendigiň üçin, Jadygöýlügiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, Jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, Gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.
5. Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, Milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, Patyşalyklara aýbyňy açaryn.
6. Üstüňe nejislik ýagdyryp, Ile ryswa ederin, Tomaşa öwürerin.
7. Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»
8. Töweregi suw bilen gurşalan, Niliň kenaryndaky deňiz galaly, Suw berkitmeli No-Amondan niräň artyk?
9. Efiopiýa bilen Müsür onuň çäksiz güýjüdi, Put we Liwiýa onuň kömekçileridi.
10. Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, Çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi, Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, Beýik adamlar zynjyrlandy.
11. Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup, Huşuňdan gidip ýykylarsyň, Duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.
12. Ähli galalaryň injir agajynyň ilki ýetişen miwesi kimindir; Silkelenende, iýýäniň agzyna düşýär.
13. Esgerleriňe seret, Olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri Duşmanlaryňa gujak açýar, Derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
14. Gabaw döwri üçin suw çek, Galalaryňy berkit, Laýy depeläp, Palçygy eýle, Kerpiç galybyny taýýynla!
15. Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, Sen gylyçdan ölersiň, Seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, Teneçirlerçe örňe!
16. Söwdagärleriň sanyny köpeltdiň, Olar göklerdäki ýyldyzlardan-da köp, Emma olar çekirtge deý ülkäňi talap, uçup gidýärler.
17. Goragçylaryň teneçirler, Baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly, Olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp, Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar, Niredediklerini bilýän ýokdur.
18. Eý, Aşur şasy, Baştutanlaryň gözleri ýumlandyr, Tanymal adamlaryň uka gidendir, Halkyň daglara dagady, Olary bir ýere jemläre hiç kim ýok.
19. Derdiňe derman bolmaz, Ýaralaryň gutulmaz, Seniň başyňa gelenini eşiden her kes Begenjinden el çarpar, Çünki seniň dynuwsyz zulmuňdan Heý, gaçyp gutulan boldumy?
About Nahum Chapter 3
Read Nahum Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nahum in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Nahum
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Nahum. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Nahum Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Nahum Chapter 3?
Nahum Chapter 3 is part of the Book of Nahum in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Nahum Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 24
Explore More from Nahum
- Nahum Chapter 2
- Nahum Chapter 3
- Nahum Chapter 3
- Nahum Chapter 1
- Nahum Chapter 2
- Nahum Chapter 1
- Nahum Chapter 3