2 patyşalar Chapter 14

For English

Read 2 patyşalar Chapter 14 Online

Read 2 patyşalar Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 patyşalar and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 patyşalar 14

Bap 14

1. Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýowahazyň şalygynyň ikinji ýylynda Ýowaşyň ogly Amazýa Ýahuda patyşa boldy.

2. Ol patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Iýerusalimden bolup, ady Ýehogadyndy.

3. Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etse-de, atasy Dawut ýaly däldi. Ol kakasy Ýowaşyň eden işleri ýaly işler etdi.

4. Emma sežde edilýän ýerler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar.

5. Amazýa öz patyşalygyny kuwwatlandyryp, patyşa wagty kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi.

6. Ýöne Musanyň Töwrat kitabynda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullarynyň günäsi üçin öldürilmesin, ogullar-da atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi.

7. Amazýa Duz jülgesinde on müň sany edomlyny gyryp, Sela galasyny basyp aldy. Ol Sela galasyny Ýokteýel diýip atlandyrdy. Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylyp gelýär.

8. Onsoň Amazýa Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çaparlar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz görüşeli» diýdi.

9. Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy ogluma aýallyga ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka ýandagy depeläpdir.

10. Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we ýahudalaryň başyna bela getirersiň».

11. Emma Amazýa muňa gulak asmady. Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz boldy.

12. Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler.

13. Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.

14. Ýehowaş Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altyn-kümşüň, gap-gaçlaryň baryny, bulardan daşary-da ýesir alnan adamlary alyp, Samarýa dolanyp geldi.

15. Ýehowaşyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen eden urşy barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

16. Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samarýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam patyşa boldy.

17. Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa Ýehogahazyň ogly bolan Ysraýyl patyşasy Ýehowaş ölenden soňra on bäş ýyl ýaşady.

18. Amazýanyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

19. Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler.

20. Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Iýerusalimde Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.

21. Bütin ýahuda halky Amazýanyň on alty ýaşyndaky ogly Uzyýa kakasy Amazýanyň ýerine patyşa etdi.

22. Uzyýa kakasy Amazýa ata-babalaryna gowşandan soň, Eýlat galasyny täzeden dikeldip, ony Ýahuda gaýtaryp berdi.

23. Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samarýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi.

24. Ýarobgam Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam I-iň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.

25. Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Amytaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi.

26. Çünki Reb Ysraýylyň agyr muşakgatyny gördi. Ysraýylda olara kömek berer ýaly gulam, azat adamam galmandy.

27. Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.

28. Ýarobgamyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi, nähili söweşeni we onuň öň Ýahuda degişli bolan Damasky we Hamaty Ysraýyla gaýtaryp berşi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

29. Ýarobgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol atalarynyň hem-de Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Zakarýa patyşa boldy.

About 2 patyşalar Chapter 14

Read 2 patyşalar Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 patyşalar
Chapter: 14
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 patyşalar Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 patyşalar Chapter 14?

2 patyşalar Chapter 14 is part of the Book of 2 patyşalar in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 patyşalar Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-patyşalar

  1. 2 patyşalar Chapter 1
  2. 2 patyşalar Chapter 13
  3. 2 patyşalar Chapter 11
  4. 2 patyşalar Chapter 8
  5. 2 patyşalar Chapter 4
  6. 2 patyşalar Chapter 22
  7. 2 patyşalar Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Çölde Chapter 4
  2. Ýunus Chapter 1
  3. Hoşeýa Chapter 7
  4. Zebur Chapter 120
  5. Işaýa Chapter 12
  6. Ýeşuwa Chapter 2
  7. 2 Şamuwel Chapter 18

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 17
  2. Ýeşuwa Chapter 13
  3. Zebur Chapter 148
  4. Müsürden çykyş Chapter 17
  5. Zebur Chapter 71
  6. Eýýup Chapter 30
  7. Efeslilere haty Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *