Çölde Chapter 7

For English

Read Çölde Chapter 7 Online

Read Çölde Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Çölde and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Çölde 7

Bap 7

1. Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde mesh edip mukaddes etdi.

2. Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler.

4. Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:

5. «Olaryň sadakalaryny kabul edip al, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edilýän işler üçin gerek bolar. Olary lewilere her biriniň bitirýän işlerine görä ber».

6. Musa arabalary we öküzleri getirip, lewilere berdi.

7. Ol edýän işlerine görä iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi.

8. Dört araba bilen sekiz öküzi bolsa edýän işlerine görä merarylara berdi. Olar ruhany Harunyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda işleýärdiler.

9. Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.

10. Gurbanlyk sypasy mesh edilip, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler.

11. Reb Musa: «Gurbanlyk sypasynyň bagyş edilişine her gün bir baştutan öz sadakalaryny hödür etsin» diýdi.

12. Birinji gün ýahuda tiresinden Amynadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi.

13. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy.

14. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

15. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

16. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

17. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Amynadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.

18. Ikinji gün ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netanel sadakalaryny hödür etdi.

19. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

20. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

21. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

22. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

23. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Sugaryň ogly Netaneliň sadakalarydy.

24. Üçünji gün zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýap sadakalaryny hödür etdi.

25. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy.

26. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

27. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

28. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

29. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Helonyň ogly Eliýabyň sadakalarydy.

30. Dördünji gün rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisur sadakalaryny hödür etdi.

31. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

32. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

33. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

34. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

35. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Şedeýuryň ogly Elisuryň sadakalarydy.

36. Bäşinji gün şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýel sadakalaryny hödür etdi.

37. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

38. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

39. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

40. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

41. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Suryşadaýyň ogly Şelumyýeliň sadakalarydy.

42. Altynjy gün gatlaryň baştutany Deguwalyň ogly Elýasap sadakalaryny hödür etdi.

43. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

44. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

45. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

46. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

47. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Deguwalyň ogly Elýasabyň sadakalarydy.

48. Ýedinji gün efraýymlaryň baştutany Ammyhudyň ogly Elişama sadakalaryny hödür etdi.

49. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

50. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

51. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

52. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

53. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Ammyhudyň ogly Elişamanyň sadakalarydy.

54. Sekizinji gün manaşeleriň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýel sadakalaryny hödür etdi.

55. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

56. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

57. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

58. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

59. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Pedahsuryň ogly Gamlyýeliň sadakalarydy.

60. Dokuzynjy gün benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydan sadakalaryny hödür etdi.

61. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

62. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

63. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

64. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

65. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Gidgonynyň ogly Abydanyň sadakalarydy.

66. Onunjy gün danlaryň baştutany Amyşadaýyň ogly Ahygezer sadakalaryny hödür etdi.

67. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

68. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

69. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

70. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

71. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Amyşadaýyň ogly Ahygezeriň sadakalarydy.

72. On birinji gün aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýel sadakalaryny hödür etdi.

73. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

74. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

75. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

76. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

77. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Okranyň ogly Pagyýeliň sadakalarydy.

78. On ikinji gün naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahyra sadakalaryny hödür etdi.

79. Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

80. Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.

81. Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.

82. Günä gurbanlygy üçin bir teke.

83. Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eýnanyň ogly Ahyranyň sadakalarydy.

84. Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam.

85. Her kümüş tabagyň agramy üç ýüz elli mysgaldy we her kümüş legeniň agramy ýüz elli mysgaldy. Ähli kümüş gaplaryň agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen alty müň mysgaldy.

86. Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy.

87. Ýakma gurbanlygy üçin ýanynyň galla sadakasy bilen bagyş edilen mallaryň sany on iki öküze, on iki goça, on iki birýaşar erkek tokla we günä gurbanlygy üçin on iki tekä deň boldy.

88. Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküze, altmyş goça, altmyş tekä we altmyş birýaşar erkek tokla deň boldy. Bular gurbanlyk sypasynyň ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr.

89. Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän ses eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi. ‎

About Çölde Chapter 7

Read Çölde Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Çölde
Chapter: 7
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Çölde. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Çölde Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Çölde Chapter 7?

Çölde Chapter 7 is part of the Book of Çölde in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Çölde Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from çölde

  1. Çölde Chapter 26
  2. Çölde Chapter 4
  3. Çölde Chapter 12
  4. Çölde Chapter 3
  5. Çölde Chapter 23
  6. Çölde Chapter 27
  7. Çölde Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 2
  2. Zebur Chapter 99
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 16
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30
  5. Eýýup Chapter 10
  6. Ezekiýel Chapter 19
  7. Ýermeýa Chapter 52

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 81
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 5
  3. Kanun taglymaty Chapter 19
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
  5. Ezekiýel Chapter 21
  6. Işaýa Chapter 21
  7. Nagmalar nagmasy Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *