Read Çölde Chapter 29 Online
Read Çölde Chapter 29 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Çölde and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Çölde 29
Bap 29
1. Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.
2. Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
3. Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki,
4. her tokly üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
5. Günäleriňizden saplanmak üçin bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
6. Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.
7. Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň.
8. Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.
9. Olaryň ýany bilen hödür edilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki,
10. ýedi toklynyň her biri üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
11. Günäden saplaýan günä gurbanlygynyň, gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, onuň galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
12. Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.
13. On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.
14. Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy, zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, on üç öküzçäniň her biri üçin bir batmanyň ondan üç, iki goçuň her biri üçin bir batmanyň ondan iki,
15. on dört toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
16. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
17. Ikinji gün şikessiz on iki sany öküzçäni, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň.
18. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
19. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
20. Üçünji gün şikessiz on bir sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň.
21. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
22. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
23. Dördünji gün şikessiz on öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
24. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
25. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
26. Bäşinji gün şikessiz dokuz öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
27. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
28. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
29. Altynjy gün şikessiz sekiz sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
30. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
31. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
32. Ýedinji gün şikessiz ýedi öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
33. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
34. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
35. Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň.
36. Bir öküzi, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň.
37. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
38. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
39. Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň.
About Çölde Chapter 29
Read Çölde Chapter 29 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Çölde
Chapter: 29
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Çölde. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Çölde Chapter 29 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Çölde Chapter 29?
Çölde Chapter 29 is part of the Book of Çölde in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Çölde Chapter 29 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from çölde
- Çölde Chapter 15
- Çölde Chapter 11
- Çölde Chapter 4
- Çölde Chapter 3
- Çölde Chapter 26
- Çölde Chapter 36
- Çölde Chapter 34
Explore More from Köne Äht
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
- Ýeşuwa Chapter 21
- 1 Şamuwel Chapter 19
- 1 Şamuwel Chapter 7
- 2 patyşalar Chapter 1
- Ýermeýa Chapter 26