Malaky Chapter 2

For English

Read Malaky Chapter 2 Online

Read Malaky Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Malaky in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Malaky and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Malaky 2

Bap 2

1. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir.

2. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz.

3. Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.

4. Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň, Hökmürowan Reb diýýär.

5. Meniň onuň bilen eden ähtim ýaşaýyş we parahatçylyk ähtidir. Men bulary oňa Menden gorksun diýip berdim. Ol Menden gorkup, adyma hormat goýdy.

6. Onuň edýän öwüt-ündewleri dogrudy, hileli sözi ýokdy. Ol Meniň bilen ylalaşyk we dogrulyk ýolundan ýöräp, köp adamlary günäden sowdy.

7. Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.

8. Emma siz ýoldan çykdyňyz we öwüt-ündewleriňiz bilen köp adamlaryň büdremegine sebäp bolduňyz. Siz Lewiniň ähtini bozduňyz. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.

9. Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlük edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».

10. Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys?

11. Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.

12. Muny eden kişi Hökmürowan Rebbe sadaka getiren bolsa-da, Reb onuň maşgalasyny Ýakubyň neslinden sogrup taşlap, ony jezalandyrsyn.

13. Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: Siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär.

14. Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň.

15. Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.

16. Ysraýyl Hudaýy Reb: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin. Men aýrylyşan adamyň başyna zulum salaryn, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şonuň üçin siz seresap boluň, dönüklik etmäň» diýýär.

17. Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.

About Malaky Chapter 2

Read Malaky Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Malaky in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Malaky
Chapter: 2
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Malaky. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Malaky Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Malaky Chapter 2?

Malaky Chapter 2 is part of the Book of Malaky in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Malaky Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 50

Explore More from malaky

  1. Malaky Chapter 1
  2. Malaky Chapter 4
  3. Malaky Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 27
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 13
  3. Ýahýanyň birinji haty Chapter 3
  4. Ýahudanyň haty Chapter 1
  5. Ýewreýlere haty Chapter 13
  6. Markusyň Hoş Habary Chapter 12
  7. Zebur Chapter 20
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *