2 Korintoslylara haty Chapter 7

For English

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 7 Online

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

2 Korintoslylara haty 7

Bap 7

1. Eý, söýgüli doganlar, bu wadalarymyzyň barlygyna görä, her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň.

2. Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kimi ynjadan däldiris, hiç kimi azdyran däldiris, hiç kimi ezen däldiris.

3. Muny sizi ýazgarmak üçin aýtmaýaryn. Sebäbi bile ölüp, bile ýaşar ýaly, biziň ýüregimizdedigiňizi men ozal aýtdym.

4. Size biçak ynanýaryn, size biçak guwanýaryn. Men teselliden doly, muşakgatymyz arasynda begenjim çäksiz.

5. Çünki Makedoniýa gelenimizde-de, göwnümiziň ynjalygy bolman, her tarapdan gysylýardyk. Daşarda uruşlar, içimizde gorkular bardy.

6. Emma pes göwünlileri ruhlandyrýan Hudaý Titusyň gelmegi bilen bize teselli berdi.

7. Diňe onuň gelmegi bilen hem däl, siziň oňa eden teselliňiz bilen hem teselli tapdyk. Ol siziň küýsegiňizi, ýasyňyzy, maňa bolan yhlasyňyzy habar berende, has hem begendim.

8. Çünki hatym bilen sizi gaýgylandyran bolsam hem ökünmeýärin. Ökünen bolsam-da ― çünki ol hatyň az wagt hem bolsa, sizi gaýgylandyranyny görýärin ― indi begenýärin.

9. Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin gaýgylananyňyza begenýärin. Çünki siz bizden hiç bir zyýan görmän, Hudaýyň islegi boýunça gaýgylandyňyz.

10. Çünki Hudaýyň islegi boýunça gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir.

11. Bu gaýgyňyzyň Hudaýyň islegine görä bolmagy, gör, sizde nähili gaýrat, nähili ökünç, nähili gahar, nähili gorky, nähili küýseg, nähili yhlas, nähili adalata ymtylyş döretdi! Siz bu işde her taýdan tämizdigiňizi görkezdiňiz.

12. Şeýlelikde, size ýazan hem bolsam, muny ynjydan üçin ýa-da ynjan üçin däl-de, bize bolan gaýratyňyzyň Hudaýyň huzurynda özüňize aýan bolmagy üçin ýazdym.

13. Bular bize teselli berýär. Ýöne öz tesellimizden köp Titusyň şatlygyna begendik, çünki siziň baryňyz onuň göwnüni ynjaldypsyňyz.

14. Çünki onuň ýanynda siz barada bir zat diýip öwünen bolsam hem, meni utandyrmadyňyz, gaýtam, biziň size hemme zady hakykatda aýdyşymyz ýaly, Titusyň garşysyndaky magtanjymyz hem hakykat boldy.

15. Ol hemmäňiziň boýun bolanyny, ony gorky hem titreme bilen garşylanyňyzy ýatlanda, size bolan söýgüsi has-da artýar.

16. Men her zatda size bil baglap biljegime begenýärin.

About 2 Korintoslylara haty Chapter 7

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Korintoslylara haty
Chapter: 7
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Korintoslylara haty Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Korintoslylara haty Chapter 7?

2 Korintoslylara haty Chapter 7 is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Korintoslylara haty Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-korintoslylara-haty

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 10
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 9

Explore More from Täze Äht

  1. Koloselilere haty Chapter 2
  2. Resullaryň Işleri Chapter 13
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
  4. Ýewreýlere haty Chapter 11
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
  6. 1 Timoteosa haty Chapter 5
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 18

Related Chapters & Readings

  1. Ýeşuwa Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 14
  3. Eýýup Chapter 33
  4. Gelip çykyş Chapter 15
  5. Ester Chapter 2
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 1
  7. 1 Korintoslylara haty Chapter 9
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *