Filipililere haty Chapter 1

For English

Read Filipililere haty Chapter 1 Online

Read Filipililere haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Filipililere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Filipililere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Filipililere haty 1

Bap 1

1. Mesih Isanyň guly men Pawlus we Timoteosdan Filipidäki gözegçiler hem hyzmatçylar bilen bilelikde Mesih Isada bolan ähli mukaddeslere salam!

2. Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!

3. Men sizi her gezek ýatlanymda, Hudaýyma şükür edip,

4. ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda eden hyzmatdaşlygyňyz sebäpli,

5. hemişe, her dogamda baryňyz üçin şatlyk bilen dileg edýärin.

6. Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine ynamym bar.

7. Siziň baryňyz hakda şeýle oýlanmagym hakdyr, çünki siz meniň ýüregimdesiňiz. Zynjyrlar bilen bagly bolsam-da, Hoş Habary gorap, tassyklasam-da, siziň baryňyz Hudaýyň merhemetine meniň bilen paýdaşsyňyz.

8. Mesih Isanyň söýgüsi bilen hemmäňizi nähili küýseýänligime Hudaý güwämdir.

9. Siz Hudaýyň şöhraty hem öwgüsi üçin, Isa Mesihden gelen dogrulygyň miwesinden dolup,

10. Mesih Isanyň gününe çenli sap, müýnsüz bolar ýaly,

11. iň ýokary zatlara göz ýetirmegiňiz üçin, söýgiňiz bilim hem düşünjede barha artsyn diýip doga edýärin.

12. Eý doganlar, meniň başdan geçirenlerimiň Hoş Habaryň ýaýramagyna ýarandygyny bilmegiňizi isleýärin.

13. Çünki kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we beýlekilere meniň Mesih ugrunda zynjyrlar bilen baglydygym şonuň netijesinde mälim boldy.

14. Doganlaryň aglabasy meniň zynjyrlar bilen baglydygym üçin Rebbe ynanyp, Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemekde öňküsinden hem köp batyrlyk görkezýärler.

15. Käbirleri bahyllyk hem jedel bilen, käbirleri ýagşy niýet bilen Mesihi wagyz edýär.

16. Olar meniň Hoş Habaryň goragçysy edip oturdylandygymy bilip, muny söýgi bilen edýär.

17. Emma beýlekiler ýürek saplygy bilen däl-de, bendiligimde maňa muşakgat ýetirjek bolup, Mesihi igenjeňlik bilen wagyz edýär.

18. Edilende näme? Isle bahana bilen, isle hakykat bilen, garaz, her ýol bilen Mesih wagyz edilýär. Men muňa şatlanýaryn we şatlanaryn.

19. Çünki munuň siziň dogalaryňyz arkaly hem-de Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly meniň gutulmagyma sebäp boljagyny bilýärin.

20. Men hiç bir zatda utanjym bolman ýaşasam hem, ölsem hem, hemişekisi ýaly, Mesihiň häzir hem bedenimde öwgi bilen beýgeldilmegi üçin, doly gaýrat etmäge uly umyt bilen garaşýaryn.

21. Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesih, ölüm hem gazançdyr.

22. Bedende ýaşajak bolsam, bu maňa hasylly zähmet çekmäge pursat bolar. Şeýlelikde, haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin.

23. Her iki tarapa-da çekilýärin. Men aýrylmagy, Mesih bilen bolmagy arzuw edýärin, bu has gowudyr.

24. Ýöne meniň bedende galmagym siziň üçin has gerekli.

25. Men galjagymy açyk bilýärin.

26. Ýene ýanyňyzda bolmagym bilen, men sebäpli Mesih Isada bolan magtanjyňyz artar ýaly, imanda ilerlemegiňiz, şatlanmagyňyz üçin, baryňyz bilen galaryn.

27. Diňe gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp bolsun. Şeýlelikde, gelip, sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, hal-ýagdaýyňyzy eşitsem-de, siziň bir ruhda berk duranyňyzy, Hoş Habara bolan iman üçin bir jan bolup göreşýäniňizi, özüňize garşy çykýanlardan hiç zatda gorkmaýanyňyzy bileýin.

28. Bu bolsa olara heläk boljaklaryny, size-de gutuljagyňyzy görkezýän belgidir. Bular hem Hudaý tarapyndyr.

29. Çünki Mesihiň hatyrasyna Oňa diňe iman getirmek däl, eýsem, Onuň ugrunda görgi görmek hem size berlendir.

30. Siziň alyp barýan göreşiňiz menden gören we häzir hem alyp barýanymy eşiden göreşiňizdir.

About Filipililere haty Chapter 1

Read Filipililere haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Filipililere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Filipililere haty
Chapter: 1
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Filipililere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Filipililere haty Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Filipililere haty Chapter 1?

Filipililere haty Chapter 1 is part of the Book of Filipililere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Filipililere haty Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from filipililere-haty

  1. Filipililere haty Chapter 2
  2. Filipililere haty Chapter 4
  3. Filipililere haty Chapter 3

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 5
  2. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 1
  3. Ýewreýlere haty Chapter 10
  4. Ýahýanyň birinji haty Chapter 2
  5. Galatýalylara haty Chapter 6
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 9
  7. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Gelip çykyş Chapter 35
  2. Ýermeýa Chapter 20
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
  4. Ýewreýlere haty Chapter 10
  5. Işaýa Chapter 50
  6. Ýermeýa Chapter 6
  7. Ezekiýel Chapter 6
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *