Efeslilere haty Chapter 1

For English

Read Efeslilere haty Chapter 1 Online

Read Efeslilere haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Efeslilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Efeslilere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Efeslilere haty 1

Bap 1

1. Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki mukaddeslere, Mesih Isa imany bolanlara salam!

2. Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!

3. Bize Mesihde her hili ruhy pata bilen Gökdäki älemlerde pata beren Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş bolsun!

4. Ol Öz öňünde söýgüde mukaddes, müýnsüz bolmagymyz üçin, dünýä gurulmazdan öň bizi Mesihde saýlady.

5. Söýgüli Oglunda bize beren şöhratly merhemetiniň öwgüsi üçin,

6. bizi Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin ogullyga belledi.

7. Onuň bütin akyldarlyk we düşünje bilen üstümize bolelin ýagdyran merhemetiniň baýlygy saýasynda,

8. biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris.

9. Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine görä, Öz isleginiň syryny açdy.

10. Bu taslama görä, wagty dolanda, Hudaý Gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer.

11. Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenip,

12. Mesihe öňden umyt baglan biz Onuň şöhratynyň tarypy üçin ýaşar ýaly, Onda saýlandyk.

13. Siz hem hakykat sözüni, gutulyşyňyzyň Hoş Habaryny eşidip, Oňa iman getireniňizde, wada edilen Mukaddes Ruh bilen Onda möhürlendiňiz.

14. Hudaýyň şöhratynyň öwgüsi üçin Oňa degişli bolanlar gutulýança, Ruh biziň mirasymyzyň girewidir.

15. Munuň üçin, Reb Isa bolan imanyňyzy, ähli mukaddeslere bolan söýgüňizi eşidelim bäri,

16. siziň üçin dyngysyz şükür edip, sizi dogalarymda ýatlaýaryn.

17. Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy, şöhratly Ata Özüni tanamakda size akyldarlyk hem ylham ruhuny bersin diýip doga edýärin.

18. Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukaddeslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny,

19. biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip doga edýärin.

20. Bu güýç Mesihi ölümden direldip, Gökdäki älemlerde Öz sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda işleden güýçli gudratynyň işleýşine meňzeşdir.

21. Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden, diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek döwürde-de tutuljak her atdan has belentdir.

22. Hudaý bar zady Onuň aýaklary astyna tabyn edip, Ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi.

23. Ýygnak Onuň tenidir, her zady her taýdan dolduranyň dolulygydyr.

About Efeslilere haty Chapter 1

Read Efeslilere haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Efeslilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Efeslilere haty
Chapter: 1
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Efeslilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Efeslilere haty Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Efeslilere haty Chapter 1?

Efeslilere haty Chapter 1 is part of the Book of Efeslilere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Efeslilere haty Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from efeslilere-haty

  1. Efeslilere haty Chapter 4
  2. Efeslilere haty Chapter 3
  3. Efeslilere haty Chapter 2
  4. Efeslilere haty Chapter 6
  5. Efeslilere haty Chapter 5

Explore More from Täze Äht

  1. Ýewreýlere haty Chapter 11
  2. Ýewreýlere haty Chapter 12
  3. Ýewreýlere haty Chapter 13
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 8
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 14
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 13
  7. Resullaryň Işleri Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Eýýup Chapter 12
  2. 2 patyşalar Chapter 24
  3. Rut Chapter 4
  4. Zakarýa Chapter 6
  5. 2 Şamuwel Chapter 6
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 27
  7. Ezekiýel Chapter 29
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *