Read Petrusyň birinji haty Chapter 3 Online
Read Petrusyň birinji haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Petrusyň birinji haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Petrusyň birinji haty 3
Bap 3
1. Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa,
2. siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn.
3. Bezegiňiz saç örmek, altynlar dakynmak ýa esbaplar geýmek bilen, daşky görnüş däl-de,
4. Hudaýyň ýanynda has gymmatly bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany bolsun.
5. Çünki bir wagtlar Hudaýa umyt baglan mukaddes hatynlar-da, öz ärlerine tabyn bolup, özlerini şeýle bezeýärdiler.
6. Mysal üçin, Sara Ybraýyma: «Baýar» diýip boýun boldy. Siz hem hiç bir howpdan gorkman, ýagşylyk etseňiz, onuň perzentleri bolarsyňyz.
7. Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
8. Mahlasy, baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöýer, rehimdar, kiçigöwünli boluň.
9. Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, haýyrdoga ediň; çünki siz bereketiň mirasçysy bolmak üçin muňa çagyrylansyňyz.
10. Çünki: «Kimiň ýaşaýşy söýüp, ýagşy günler göresi gelýän bolsa, dilini ýamanlykdan, dodaklaryny hileli gepden saklasyn.
11. Ýamanlykdan ýüz döndersin, ýagşylyk etsin, parahatlygy agtaryp, şonuň ugrunda gezsin.
12. Çünki Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir. Rebbiň ýüzi ýaman iş edýänlere garşydyr».
13. Ýagşylyk etmek üçin gaýrat etseňiz, size kim ýamanlyk etjek?
14. Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, aljyramaň.
15. Ýöne ýüregiňizde Reb Hudaýy mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň.
16. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň. Mesihdäki ýagşy ýaşaýşyňyzy ýamanlaýanlar erbet iş edýänler hökmünde size garşy geplänlerinde utandyrylar ýaly, ynsabyňyz päk bolsun.
17. Sebäbi Hudaýyň islegi şeýle bolsa, onda ýagşylyk edip görgi görmek ýamanlyk edip görgi görmekden gowudyr.
18. Çünki bizi Hudaýyň ýanyna eltmek üçin, ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlmek bilen, dogry bolan Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi.
19. Ol Ruh bilen hem gidip, tussagdaky ruhlara wagyz etdi.
20. Olar bir wagtlar, Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty pitneçi bolupdylar. Ol gämide bolsa az, ýagny sekiz adam suw bilen gutuldy.
21. Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem, Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar.
22. Ol Göge çykdy, Hudaýyň sagynda, perişdeler, hökümdarlar we gudratlar Oňa tabyn.
About Petrusyň birinji haty Chapter 3
Read Petrusyň birinji haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Petrusyň birinji haty
Chapter: 3
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Petrusyň birinji haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Petrusyň birinji haty Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Petrusyň birinji haty Chapter 3?
Petrusyň birinji haty Chapter 3 is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Petrusyň birinji haty Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-petrusyn-birinji-haty
- Petrusyň birinji haty Chapter 1
- Petrusyň birinji haty Chapter 5
- Petrusyň birinji haty Chapter 2
- Petrusyň birinji haty Chapter 4
Explore More from Täze Äht
- Resullaryň Işleri Chapter 20
- Resullaryň Işleri Chapter 28
- 2 Korintoslylara haty Chapter 1
- Ýahýa gelen ylham Chapter 14
- Ýewreýlere haty Chapter 6
- 1 Korintoslylara haty Chapter 6
- Resullaryň Işleri Chapter 8