Koloselilere haty Chapter 3

For English

Read Koloselilere haty Chapter 3 Online

Read Koloselilere haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Koloselilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Koloselilere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Koloselilere haty 3

Bap 3

1. Şunlukda, Mesih bilen bile direlendigiňize görä, Gökdäki zatlary, Mesihiň Hudaýyň sagynda oturan ýerindäki zatlary küýsäň.

2. Ünsüňizi Ýerdäki däl-de, Gökdäki zatlara gönükdiriň.

3. Çünki siz ölensiňiz, ýaşaýşyňyz Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.

4. Biziň ýaşaýşymyz bolan Mesih aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.

5. Şonuň üçin ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň.

6. Hudaýyň gahar-gazaby Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne şu zatlar üçin inýär.

7. Ozallar şeýle gezen wagtyňyz bu ýollardan siz hem ýörediňiz.

8. Indi bolsa beýle zatlaryň ählisini: gahary, gazaby, ýamanlygy, sögünji we agzyňyzdan çykýan hapa sözleri taşlaň.

9. Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp,

10. Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin, täzelenen täze ýaradylyşy geýnenligiňiz sebäpli, biri-biriňize ýalan söz aýtmaň.

11. Bu täzelikde grek we ýehudy, sünnetlilik we sünnetsizlik, warwar, skif, gul we azat arasynda parh ýok, ýöne Mesih her zatdyr, her zatdadyr.

12. Şeýlelik bilen, Hudaýyň mukaddes hem söýgüli saýlananlary hökmünde rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň.

13. Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň.

14. Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň.

15. Ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün. Siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Minnetdar hem boluň.

16. Mesihiň sözi bütin baýlygy bilen ýüregiňizde ýaşasyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize öwrediň, öwüt beriň, mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, şükür bilen ýüregiňizden Rebbe nagma okaň.

17. Söz bilen ýa iş bilen näme etseňiz, baryny Reb Isanyň ady bilen, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür edip berjaý ediň.

18. Eý aýallar, Rebde ýaraşykly bolşy ýaly, äriňize tabyn boluň.

19. Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň.

20. Eý çagalar, ähli zatda ata-eneňiziň sözüne gulak asyň. Çünki bu Rebbiň halaýanydyr.

21. Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin.

22. Eý gullar, ähli zatda dünýädäki hojaýynyňyzyň sözlerine gulak asyň. Muny göze ýakymly görünýän hyzmatlar bilen adama ýaranmak isleýänler ýaly etmän, eýsem, ýürek sadalygy bilen, Rebden gorkup ýerine ýetiriň.

23. Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilip,

24. her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz.

25. Ýamanlyk eden öz eden ýamanlygynyň almytyny alar. Onda ýüz görme ýokdur.

About Koloselilere haty Chapter 3

Read Koloselilere haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Koloselilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Koloselilere haty
Chapter: 3
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Koloselilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Koloselilere haty Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Koloselilere haty Chapter 3?

Koloselilere haty Chapter 3 is part of the Book of Koloselilere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Koloselilere haty Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from koloselilere-haty

  1. Koloselilere haty Chapter 4
  2. Koloselilere haty Chapter 1
  3. Koloselilere haty Chapter 2

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 18
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
  3. Ýakubyň haty Chapter 5
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 25
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 14
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 7
  7. Resullaryň Işleri Chapter 24

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 48
  2. Işaýa Chapter 45
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
  4. Petrusyň birinji haty Chapter 4
  5. 2 patyşalar Chapter 16
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 20
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 19
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *