Read Markusyň Hoş Habary Chapter 16 Online
Read Markusyň Hoş Habary Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Markusyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Markusyň Hoş Habary 16
Bap 16
1. Sabat güni geçenden soň, magdalaly Merem, Ýakubyň ejesi Merem we Salome dagylar gidip, Isanyň meýidini ýaglamak üçin, ýakymly ysly ýaglar satyn aldylar.
2. Hepdäniň ilkinji güni daň bilen, Gün doganda, mazaryň başyna geldiler.
3. Olar biri-birlerine: «Daşy mazaryň agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler.
4. Gabaklaryny galdyranlarynda, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy.
5. Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak don geýnip oturan bir ýaş ýigidi görüp geňirgenişdiler.
6. Ol olara şeýle diýdi: «Geňirgenişmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Ol direldi. Ol bu ýerde däl. Ine, Onuň jaýlanan ýeri.
7. Ýöne baryň-da, Onuň şägirtlerine, Petrusa: „Ol sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz" diýiň».
8. Olar mazardan çykyp gaçdylar. Olara sandyrama hem aljyraňňylyk aralaşypdy, hiç kime-de hiç zat aýtmadylar, çünki gorkýardylar.
9. Isa hepdäniň ilkinji güni ir bilen direlip, ilki magdalaly Mereme göründi. Isa onuň içinden ýedi jyny kowup çykarypdy.
10. Ol hem muny Isa bilen bile bolanlara habar berdi. Olar ýas tutup, aglaşyp otyrdylar.
11. Isanyň diridigini, Mereme görnendigini eşidenlerinde, Olar ynanmadylar.
12. Şondan soň Isa olaryň ikisi oba barýarka, başga keşpde göründi.
13. Olar-da yzlaryna öwrülip, beýlekilere habar berdiler, ýöne bulara-da ynanmadylar.
14. Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň gatydygy üçin olary ýazgardy. Çünki olar Onuň direlendigini görenlere ynanmandylar.
15. Olara şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.
16. Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.
17. Şu alamatlar iman edýänleriň hemrasy bolar: Meniň adym bilen jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.
18. Ýylanlary tutarlar, öldürýän zäher içseler-de, olara zyýan ýetmez. Syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar».
19. Reb olara gürrüň bereninden soň, Göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.
20. Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy. Omyn.
About Markusyň Hoş Habary Chapter 16
Read Markusyň Hoş Habary Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Markusyň Hoş Habary
Chapter: 16
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Markusyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Markusyň Hoş Habary Chapter 16 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Markusyň Hoş Habary Chapter 16?
Markusyň Hoş Habary Chapter 16 is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Markusyň Hoş Habary Chapter 16 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from markusyň-hoş-habary
- Markusyň Hoş Habary Chapter 7
- Markusyň Hoş Habary Chapter 1
- Markusyň Hoş Habary Chapter 6
- Markusyň Hoş Habary Chapter 5
- Markusyň Hoş Habary Chapter 2
- Markusyň Hoş Habary Chapter 12
- Markusyň Hoş Habary Chapter 10
Explore More from Täze Äht
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
- Markusyň Hoş Habary Chapter 9
- Titusa haty Chapter 2
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 1
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
- Ýahýa gelen ylham Chapter 7
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 20