Read Ýahýa gelen ylham Chapter 7 Online
Read Ýahýa gelen ylham Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýa gelen ylham and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýahýa gelen ylham 7
Bap 7
1. Mundan soň, Ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Bular ýer ýüzüne, deňze ýa-da hiç bir agaja öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durdylar.
2. Gündogardan ýokary çykyp barýan başga bir perişdäni-de gördüm. Onda diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol ýere, deňze zyýan ýetirmäge özlerine rugsat edilen dört perişdä gaty ses bilen gygyryp:
3. «Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!» diýdi.
4. Möhürlenenleriň sanyny eşitdim. Ysraýyl ogullarynyň bütin taýpalaryndan ýüz kyrk dört müň adam möhürlenipdi.
5. Ýahuda taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi, ruben taýpasyndan on iki müň, gad taýpasyndan on iki müň,
6. aşer taýpasyndan on iki müň, naftaly taýpasyndan on iki müň, menaşşe taýpasyndan on iki müň,
7. şimegon taýpasyndan on iki müň, lewi taýpasyndan on iki müň, issahar taýpasyndan on iki müň,
8. zebulun taýpasyndan on iki müň, ýusup taýpasyndan on iki müň, benýamyn taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi. Ak don geýnen märeke
9. Mundan soň, her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň tagtyň hem Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Bular ak don geýnipdi, ellerinde bolsa hurma agajynyň pürleri bardy.
10. Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Halas etmek tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!»
11. Hemme perişdeler tagtyň, ýaşulularyň we dört janly mahlugyň daşyny alşyp durdular. Olar tagtyň öňünde ýykylyp, ýüzlerini ýere diräp, Hudaýa sežde edip, şeýle diýýärdiler:
12. «Omyn. Öwgi, şöhrat, akyldarlyk, şükür, hormat, güýç we gudrat ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun. Omyn!»
13. Onsoň ýaşululardan biri söze başlap, menden: «Bu ak don geýnenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady.
14. Men: «Muny sen bilýärsiň, agam!» diýdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Bular şol agyr muşakgatdan çykyp gelenler. Bular donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler.
15. Munuň üçin olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, Onuň ybadathanasynda Oňa gije-gündiz hyzmat edýärler. Tagtda Oturan bolsa Öz çadyryny olaryň üstüne bürär.
16. Olar indi ajykmaz, suwsamaz. Olaryň üstüne ne gün, ne-de başga bir jöwza düşer.
17. Çünki tagtyň ortasyndaky Guzy olary otarar, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter. Hudaý olaryň gözlerinden bütin ýaşlaryny süpürer».
About Ýahýa gelen ylham Chapter 7
Read Ýahýa gelen ylham Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýahýa gelen ylham
Chapter: 7
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýa gelen ylham. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýahýa gelen ylham Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýahýa gelen ylham Chapter 7?
Ýahýa gelen ylham Chapter 7 is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýahýa gelen ylham Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Täze Äht
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 14
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 3
Explore More from ýahýa-gelen-ylham
- Ýahýa gelen ylham Chapter 8
- Ýahýa gelen ylham Chapter 13
- Ýahýa gelen ylham Chapter 19
- Ýahýa gelen ylham Chapter 10
- Ýahýa gelen ylham Chapter 3
- Ýahýa gelen ylham Chapter 15
- Ýahýa gelen ylham Chapter 4