Markusyň Hoş Habary Chapter 10

For English

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 10 Online

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Markusyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Markusyň Hoş Habary 10

Bap 10

1. Isa ol ýerden gidip, Ýahuda çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna bardy. Onuň daşyna ýene-de bir topar märeke ýygnanyşyp, Ol ýene-de adaty boýunça olara sapak bermäge durdy.

2. Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýalyny aýyrmagy dogrumydyr?» diýip sorady.

3. «Musa size nähili tabşyryk beripdir?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady.

4. Olar-da: «Musa talak hatyny ýazyp, aýyrmaga ygtyýar beripdir» diýdiler.

5. Isa olara şeýle diýdi: «Musa bu tabşyrygy siziň doňýürekdiňiz zerarly ýazdy.

6. Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy".

7. Şonuň üçin erkek adam ata-enesini terk edip, aýalyna goşular.

8. Onsoň ikisi bir ten bolar". Şunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir.

9. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn».

10. Şägirtleri Oňa öýde bu barada ýene sorag berdiler.

11. Isa olara: «Kim aýalyny aýryp, başga aýala öýlense, oňa garşy zyna edýändir.

12. Aýal-da ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, zyna edýändir» diýip jogap berdi.

13. Olara elini degirsin diýip, çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Şägirtleri bolsa olary getirenlere käýediler.

14. Isa muny görende, gaharlanyp, olara şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.

15. Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».

16. Ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi.

17. Isa ýola düşüp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp: «Eý, ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly näme etmeli?» diýip, Ondan sorady.

18. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.

19. Sen tabşyryklary bilýänsiň: „Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, hiç kimi talama, ataňy, eneňi syla"».

20. Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi.

21. Isa oňa söýgi bilen seredip: «Seniň bir zadyň kem, bar, nämäň bar bolsa sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.

22. Bu sözlere ýaňky adamyň mazasy gaçyp, ol ýerden tukat bolup gitdi. Çünki onuň köp mal-mülki bardy.

23. Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» diýdi.

24. Şägirtler Onuň sözlerine geňirgenişdiler. Isa ýene olara şeýle diýdi: «Oglanlar, baýlyga bil baglaýanlara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!

25. Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».

26. Şägirtler çakdanaşa geňirgenişip, biri-birlerine: «Onda, kim halas bolup biler?» diýişdiler.

27. Isa olara seredip: «Ynsanlaryň muňa mümkinçiligi ýok, ýöne Hudaý üçin beýle däl ― Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi.

28. Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip başlady.

29. Isa şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da,

30. şindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur.

31. Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar».

32. Olar ýola düşüp, Iýerusalime bakan barýardylar. Isa öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler geňirgenişýärdi, yzyna düşüp barýanlar hem gorky içindediler. Ol ýene-de Onkileri bir çete çekdi-de, Özüne näme boljagy hakda gürrüň bermäge başlap,

33. Şeýle diýdi: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, milletlere tabşyrarlar.

34. Oňa gülerler, üstüne tüýkürerler, Ony gamçylap, öldürerler we üçünji günde Ol direler».

35. Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biz Senden näme dilesek, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler.

36. «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip, Isa olardan sorady.

37. Olar hem: «Öz şöhratyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler.

38. Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Ýa Meniň çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?» diýdi.

39. Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň çokunyşym bilen çokunarsyňyz.

40. Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýynlanan bolsa, şolar üçindir».

41. Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanmaga başladylar.

42. Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.

43. Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.

44. Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.

45. Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».

46. Onsoň Eriha geldiler. Isa şägirtleri we uly märeke bilen Erihadan çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimaý atly bir kör ýoluň kenarynda dilegçilik edip otyrdy.

47. Ol bu gelýäniň nasyraly Isadygyny eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip, gygyrmaga durdy.

48. Köp adamlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.

49. Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köri çagyryp oňa: «Batyr bol, tur, seni çagyrýar» diýdiler.

50. Ol hem donuny taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi.

51. Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Ussat, gözüm görsün» diýdi.

52. Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Onuň gözleri derrew görüp, ýol bilen Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.

About Markusyň Hoş Habary Chapter 10

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Markusyň Hoş Habary
Chapter: 10
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Markusyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Markusyň Hoş Habary Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Markusyň Hoş Habary Chapter 10?

Markusyň Hoş Habary Chapter 10 is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Markusyň Hoş Habary Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from markusyň-hoş-habary

  1. Markusyň Hoş Habary Chapter 5
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 2
  3. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
  4. Markusyň Hoş Habary Chapter 3
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 16
  6. Markusyň Hoş Habary Chapter 1
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 14

Explore More from Täze Äht

  1. 2 Timoteosa haty Chapter 1
  2. Ýewreýlere haty Chapter 4
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 13
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 12
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 17
  6. Ýakubyň haty Chapter 4
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 14

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 121
  2. Kanun taglymaty Chapter 16
  3. Işaýa Chapter 63
  4. Ýahýanyň üçünji haty Chapter 1
  5. 2 Şamuwel Chapter 17
  6. 1 patyşalar Chapter 20
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *