Markusyň Hoş Habary Chapter 5

For English

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 5 Online

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Markusyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Markusyň Hoş Habary 5

Bap 5

1. Olar kölüň beýleki kenaryna, gadaralylaryň ýurduna geldiler.

2. Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa mazarlardan çykan bir arwahly adam gabat geldi.

3. Bu adam mazarlaryň içinde ýaşardy. Ony, artykmaç, hiç kim zynjyr bilen-de baglap bilmezdi.

4. Telim gezek kündelenip zynjyrlanypdy, ýöne ol zynjyrlary gyryp, kündeleri bölek-bölek ederdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi.

5. Hemişe ― gije-gündiz mazarlar arasynda, daglarda gygyryp, özüni daşlar bilen ýaralar ýörerdi.

6. Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Oňa sežde etdi.

7. Batly ses bilen gygyryp: «Eý Isa! Hemmeden beýik bolan Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Hudaýyň haky üçin Saňa ýalbarýaryn, meni gynama!» diýdi.

8. Çünki Isa oňa: «Eý arwah, bu adamdan çyk» diýipdi.

9. Onsoň ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Legion, çünki biz köpdüris» diýip jogap berdi.

10. Özlerini ol ýurtdan kowup goýbermezligi üçin Isa köp ýalbardy.

11. Şol ýerde dagyň eteginde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi.

12. Arwahlar: «Bizi bu doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýip, Isa ýalbardylar.

13. Isa olara rugsat berdi. Al-arwahlar çykyp, doňuzlara girdiler. Iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy.

14. Çopanlar bolsa gaçyp, şäherdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk hem näme bolanyny görmäge geldi.

15. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir legion jyn tarapyndan eýelenen adamyň egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.

16. Wakany görenler jynlaryň eýelän adamyna hem doňuzlara näme bolanyny olara aýtdylar.

17. Onsoň halk öz ülkelerinden gitmegi üçin Isa ýalbarmaga başlady.

18. Ol gaýyga münende, jynlardan halas bolan adam Onuň bilen bile gitmek üçin Isa ýalbardy.

19. Ol muňa rugsat bermän, ol adama: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň saňa edenleriniň baryny, saňa nähili rehim edenini olara aýt» diýdi.

20. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenleriniň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemme adamlar muňa haýran galdy.

21. Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly märeke üýşdi. Isa kölüň kenaryndady.

22. Sinagoga başlyklaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.

23. Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalsyn, ýaşasyn!» diýdi.

24. Isa bu adam bilen gitdi. Uly märeke-de yzyna düşüp, Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.

25. Şol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal bardy.

26. Ol ençeme tebibiň elinden köp ezetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam, haly has erbetleşipdi.

27. Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, märekäniň içi bilen Onuň ýeňsesinden gelip, geýimine elini degirdi.

28. Çünki ol öz içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de, sagalaryn» diýýärdi.

29. Şol bada-da gan akmasy kesilip, derdinden açylandygyny endamynda duýdy.

30. Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny derrew aňyp, märekäniň içinde öwrülip: «Meniň geýimime kim el degirdi!» diýdi.

31. Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän märekäni görýärsiň, ýene-de: „Maňa kim el degirdi?" diýýärsiň» diýdiler.

32. Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi.

33. Ýaňky aýal özüne näme bolandygyny bileninden soň gorkup, titräp geldi. Isanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa hemme zadyň dogrusyny aýtdy.

34. Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýdi.

35. Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň aýryldy. Näme üçin Mugallyma artykmaç zähmet berýärsiň?» diýdiler.

36. Isa muny eşiden badyna, sinagoga başlygyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.

37. Isa Petrus, Ýakup we Ýakubyň dogany Ýahýadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi.

38. Sinagoga başlygynyň öýüne gelenlerinde, Isa galmagaly, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi.

39. Içerik girip, olara: «Näme üçin galmagal edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi.

40. Olar Oňa gülüşdiler. Emma Isa hemmesini daşarda goýup, çaganyň ata-enesi bilen Öz ýanyndakylary ýanyna alyp, çaganyň ýatan ýerine bardy.

41. Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kumi!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa gal diýýärin» diýmekdir.

42. Gyz derrew galyp, ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Ol ýerdäkileriň ählisi gaty geň galdylar.

43. Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar berilmelidigini aýtdy.

About Markusyň Hoş Habary Chapter 5

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Markusyň Hoş Habary
Chapter: 5
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Markusyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Markusyň Hoş Habary Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Markusyň Hoş Habary Chapter 5?

Markusyň Hoş Habary Chapter 5 is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Markusyň Hoş Habary Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from markusyň-hoş-habary

  1. Markusyň Hoş Habary Chapter 2
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
  3. Markusyň Hoş Habary Chapter 3
  4. Markusyň Hoş Habary Chapter 16
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 1
  6. Markusyň Hoş Habary Chapter 14
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 11

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýanyň birinji haty Chapter 3
  2. Resullaryň Işleri Chapter 7
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  4. Resullaryň Işleri Chapter 26
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 7
  6. Ýahýanyň birinji haty Chapter 1
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 21

Related Chapters & Readings

  1. Lewiler kitaby Chapter 24
  2. Işaýa Chapter 25
  3. Wagyz kitaby Chapter 12
  4. Gelip çykyş Chapter 29
  5. Eýýup Chapter 15
  6. Kanun taglymaty Chapter 19
  7. 1 patyşalar Chapter 17
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *