Ýahýa gelen ylham Chapter 1

For English

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 1 Online

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýa gelen ylham and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýahýa gelen ylham 1

Bap 1

1. Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr. Hudaý perişdesini iberip, muny guly Ýahýa aýan etdi.

2. Ol hem gören zatlarynyň baryna, Hudaýyň sözüne, Isa Mesihiň şaýatlygyna güwälik edýär.

3. Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr, çünki garaşylan wagt ýakyndyr!

4. [5-6] Men Ýahýadan Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga salam! Häzir bar Bolan, geçmişde bar Bolan we Geljekden, Onuň tagtynyň öňündäki ýedi ruhdan, ölümden ilkinji direlen, bütin dünýä patyşalarynyň hökümdary, dogruçyl güwä Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! Şöhrat hem gudrat bizi söýýän, Öz gany bilen günälerimizden azat eden, patyşalyga ýetirip, bizi Atasy Hudaýyň hyzmatynda ruhanylar eden Mesihiňki bolsun! Omyn.

7. Ine, Ol bulutlar bilen gelýär. Her bir göz, Onuň bedenini deşenler hem Ony görer. Ýer ýüzüniň ähli halklary Onuň üçin ýas tutar. Hawa, omyn! Başlangyç we soň Mendirin

8. Häzir bar bolan, geçmişde bar bolan, geljek we her zada güýji ýetýän Reb Hudaý diýýär: «Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin».

9. Isa degişli biri hökmünde muşakgatda, sabyrda, patyşalykda şärikdeşiňiz bolan men, doganyňyz Ýahýa Hudaýyň Sözi, Isanyň güwäligi sebäpli Patmos diýen adadadym.

10. Rebbiň gününde Ruhdakam ýeňsämden surnaýyňky ýaly gaty bir ses eşitdim.

11. Ol ses: «Görýänleriňi kitaba ýaz-da, ýedi ýygnaga, ýagny Efese, Izmire, Bergama, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.12-

13. Men özüm bilen gepleşýäni görjek bolup öwrüldim. Öwrülemde ýedi altyn şemdan, şemdanlaryň ortasynda bolsa egnindäki lybasy aýaklaryna ýetip duran, göwsüne gyzyldan guşak baglan ynsan ogluna meňzeş birini gördüm.

14. Onuň başy, saçy ýüň ýaly ak, gar ýaly çuw akdy. Gözleri ot ýalny ýalydy.

15. Aýaklary kürede gyzardylan parlak mise meňzeýärdi. Sesi uly suwuň şaggyldysy kimindi.

16. Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy, ýüzi bar güýji bilen ýaldyrap duran Gün ýalydy.

17. Men Ony gören badyma, öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Ol sag elini depäme goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji hem iň soňky Mendirin.

18. Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň hem ölüler diýarynyň açary Mendedir.

19. Munuň üçin, gören zatlaryňy, şu wagt bolýan zatlary, mundan beýläk boljaklary ýaz.

20. Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň, ýedi altyn şemdanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdeleri, ýedi şemdan hem ýedi ýygnakdyr».

About Ýahýa gelen ylham Chapter 1

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahýa gelen ylham
Chapter: 1
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýa gelen ylham. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahýa gelen ylham Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahýa gelen ylham Chapter 1?

Ýahýa gelen ylham Chapter 1 is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahýa gelen ylham Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 14
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
  5. Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 3

Explore More from ýahýa-gelen-ylham

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 22
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 7
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 9
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 3
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 18
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 20
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 13

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 41
  2. 1 patyşalar Chapter 6
  3. Ýeşuwa Chapter 5
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
  5. Gelip çykyş Chapter 19
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 15
  7. 1 Korintoslylara haty Chapter 12
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *