Kanun taglymaty Chapter 24

For English

Read Kanun taglymaty Chapter 24 Online

Read Kanun taglymaty Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Kanun taglymaty 24

Bap 24

1. «Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin.

2. Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler.

3. Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse),

4. kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.

5. Eger bir adam täze öýlenen bolsa, ol urşa gitmesin ýa-da oňa hiç hili jogapkärçilikli iş tabşyrylmasyn. Ol bir ýyl öýünde galyp, öz alan aýaly bilen şady-horramlykda ýaşasyn».

6. «Hiç kimiň degirmenini ýa-da degirmen daşyny girewine almaň, çünki bu onuň durmuşyny girewine aldygyňyz bolar.

7. Eger biri başga bir ysraýyllyny ogurlap gul etse ýa-da ony satsa, ol ogurlan adam öldürilsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.

8. Ýokanç deri keselinden gaty ägä boluň. Meniň lewi ruhanylaryna buýruşym ýaly, olaryň size öwredýän her bir zadyny üns bilen ýerine ýetiriň.

9. Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, ýolda Hudaýyňyz Rebbiň Merýemi nädendigini ýadyňyza salyň».

10. «Birine bir zat karz berseňiz, öýüne girip, ondan girew almaň.

11. Karz alan adamyň özi size girew getirýänçä, daşarda oturyň.

12. Eger ol adam garyp bolsa, onuň girewine berýän donunda ýatmaň.

13. Onuň girewini Gün batmanka yzyna eltip beriň, şonda ol öz donunda ýatar we size alkyş aýdar. Şeýle hem bu Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda saňa dogrulyk saýylar.

14. Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek bolsun, garaz, garyp we mätäç hyzmatkäriň işlän hakyny tutup galmaň.

15. Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam, olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz».

16. «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin.

17. Gelmişege ýa-da ýetime höküm edilende, egrilik etmäň. Duluň geýimini girewine almaň.

18. Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn».

19. «Siz meýdanda hasylyňyzy ýygnanyňyzda, ol ýerde ýadyňyzdan çykaryp galdyran dessäňizi getirmek üçin, yzyňyza gaýtmaň. Ol gelmişege, ýetim-ýesire we dula galsyn. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer.

20. Siz zeýtun agajyňyzyň miwesini kakanyňyzda, onuň galan-gaçanyny çöplemäň. Olar gelmişege, ýetim-ýesire, dula galsyn.

21. Üzüm baglaryňyzyň üzümini ýyganyňyzda, galan-gaçanyny ýygmaň. Olary gelmişek üçin, ýetim-ýesir üçin we dul üçin galdyryň.

22. Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýadyňyzda saklaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn». ‎

About Kanun taglymaty Chapter 24

Read Kanun taglymaty Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Kanun taglymaty
Chapter: 24
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Kanun taglymaty Chapter 24 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Kanun taglymaty Chapter 24?

Kanun taglymaty Chapter 24 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 24 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Kanun Taglymaty

  1. Kanun taglymaty Chapter 3
  2. Kanun taglymaty Chapter 26
  3. Kanun taglymaty Chapter 2
  4. Kanun taglymaty Chapter 23
  5. Kanun taglymaty Chapter 17
  6. Kanun taglymaty Chapter 28
  7. Kanun taglymaty Chapter 1

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 53
  2. Zebur Chapter 10
  3. Ezekiýel Chapter 23
  4. Gelip çykyş Chapter 29
  5. Kanun taglymaty Chapter 2
  6. Çölde Chapter 24
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 16

Related Chapters & Readings

  1. Ýeşuwa Chapter 22
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 23
  3. Zebur Chapter 108
  4. 1 Timoteosa haty Chapter 1
  5. 2 patyşalar Chapter 21
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
  7. Ýermeýa Chapter 39
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *