Read Işaýa Chapter 6 Online
Read Işaýa Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 6
Bap 6
1. Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.
2. Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar.
3. Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
4. Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy.
5. Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy murdar adamdyryn we agzy murdar adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany—Hökmürowan Rebbi gördi».
6. Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.
7. Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň».
8. Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.
9. Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşitmesine eşidýärsiňiz, ýöne düşünmeýärsiňiz, görmesine görýärsiňiz, ýöne bilmeýärsiňiz" diý.
10. Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
11. Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,
12. Reb hemmeleri uzaklara kowup, ýurduň içinde terk edilen ýerler köpelýänçä,
13. halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Mukaddes nesil ýurtda kesilen agajyň töňňesi kimin bolar. Ýurtda kesilen agajyň töňňesi kimin bolar».
About Işaýa Chapter 6
Read Işaýa Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 6
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 6?
Işaýa Chapter 6 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 27
- Isaya Chapter 13
- Isaya Chapter 34
- Isaya Chapter 28
- Isaya Chapter 26
- Isaya Chapter 16
- Isaya Chapter 7
Explore More from Köne Äht
- Hoşeýa Chapter 10
- Işaýa Chapter 20
- Zebur Chapter 123
- Ezekiýel Chapter 16
- Ýermeýa Chapter 27
- Işaýa Chapter 65
- Eýýup Chapter 29