Read Kanun taglymaty Chapter 23 Online
Read Kanun taglymaty Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Kanun taglymaty 23
Bap 23
1. «Erkeklik tohumlygy ýenjilen ýa-da kesilen adam Rebbiň jemagatyna girmeýär.
2. Bikanun doglan Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniňem hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
3. Ammonlar hem, mowaplylar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
4. Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.
5. (Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwürdi. Hudaýyňyz Reb siziň üçin näleti alkyşa öwürdi, sebäbi Hudaýyňyz Reb sizi söýýär).
6. Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.
7. Edomlylaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.
8. Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler».
9. «Duşmanlaryňyza garşy söweşmek üçin düşläniňizde özüňizi her hili haramlykdan goraň.
10. Eger araňyzdan biriniň gije tohumy akyp, haram bolsa, düşelgäňizden daşary çyksyn. Ol düşelgäňize girmeli däldir.
11. Agşam düşende, ol ýuwunsyn, gün batandan soň, ol düşelgäňize girip biler.
12. Aýak ýoly üçin düşelgäňiziň daşynda belli bir hajathana ýeriňiz bolmalydyr.
13. Aýak ýoluna çykanyňyzda, ýanyňyz bilen kepje alyp gidiň. Täret edip bolanyňyzdan soň, çukur gazyp, täretiňizi gömüň.
14. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi halas etmek üçin we duşmanlaryňyzy siziň eliňize bermek üçin düşelgäňiziň içine aýlanar. Şonuň üçin düşelgäňiz päk bolmalydyr, Reb araňyzda nejis zat görüp, sizden ýüz öwürmesin».
15. «Hojaýynlaryndan gaçyp, ýanyňyza gelen gullary yzyna eltip bermäň.
16. Olar siziň araňyzda, öz saýlan islendik galasynda, göwünleriniň islän ýerinde siziň bilen bile ýaşabersinler. Olary horlamaň».
17. «Ysraýyl gyzlarynyň hiç biri buthanada jelep bolup işlemesin. Ysraýyl ogullarynyň hem hiç biri munuň ýaly iş etmesin.
18. Olaryň jelepçilikden gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir».
19. «Ysraýyl doganyňyza pul, azyk, beýleki zatlaryňy peýda görmek niýeti bilen karz bermäň.
20. Peýda görmek üçin, keseki ýurtla karz berseňiz bolar, emma öz ysraýyl doganyňyza karzy peýda görmek üçin bermäň. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň mülk edinjek ýurduňyzda etjek ähli işleriňize bereket berer».
21. «Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz.
22. Sadaka aýtmadyk bolsaňyz, onda günä gazanmarsyňyz.
23. Ýöne Hudaýyňyz Rebbe öz agzyňyz bilen aýdan sadakaňyzy aýdyşyňyz ýaly, diliňiziň geplän zadyny yhlas bilen ýerine ýetiriň».
24. «Eger siz biriniň üzüm bagyna girseňiz, onuň üzüminden tä doýýançaňyz iýseňiz iýiň, ýöne ondan gaba salyp ýanyňyz bilen alyp gaýtmaň.
25. Eger siz biriniň ekin meýdanyna girseňiz, bugdaýyň dänesini eliňiz bilen ýygsaňyz, ýygyň, emma onuň bugdaýyna orak salmaň».
About Kanun taglymaty Chapter 23
Read Kanun taglymaty Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Kanun taglymaty
Chapter: 23
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Kanun taglymaty Chapter 23 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Kanun taglymaty Chapter 23?
Kanun taglymaty Chapter 23 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 23 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Kanun Taglymaty
- Kanun taglymaty Chapter 3
- Kanun taglymaty Chapter 2
- Kanun taglymaty Chapter 26
- Kanun taglymaty Chapter 17
- Kanun taglymaty Chapter 28
- Kanun taglymaty Chapter 1
- Kanun taglymaty Chapter 30
Explore More from Köne Äht
- Ýeşuwa Chapter 9
- Ysraýyl serdarlary Chapter 2
- Müsürden çykyş Chapter 6
- Eýýup Chapter 28
- Zebur Chapter 24
- Çölde Chapter 14
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17