Kanun taglymaty Chapter 13

For English

Read Kanun taglymaty Chapter 13 Online

Read Kanun taglymaty Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Kanun taglymaty 13

Bap 13

1. «Eger araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da mugjyza görkezseler,

2. ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar size: „Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk edeliň“ diýseler,

3. siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär.

4. Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýeriň, diňe Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň, Oňa gulak asyň, gulluk ediň, Oňa bil baglaň.

5. Sizi Müsürden çykaryp getiren, gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna dönüklik edip sözländigi üçin we Hudaýyňyz Rebbiň buýran ýolundan çykandygy üçin, şol pygamberi ýa-da düýş ýorujyny ölüme höküm ediň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.

6. Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly, ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar,

8. siz beýle adamlar bilen razylaşmaň, olara gulak asmaň. Olara geçirimlilik etmäň ýa-da rehimiňiz inip, olary goramaň.

9. Gaýtam, olary hökman öldüriň. Olary ilki öz eliňiz bilen daşlaň, soňra bütin halk jezalandyrsyn.

10. Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebden ýüz öwürtmäge synanyşandyklary üçin, olary daşlap öldüriň.

11. Soňra ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar we gaýdyp munuň ýaly erbetlik etmezler.

12. Hudaýyňyz Rebbiň size ýaşamaga berjek galalarynyň birinde araňyzdan erbet adamlar çykyp,

13. galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz,

14. yzarlap derňäň we gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, bu nejis iş araňyzda edilen bolsa,

15. galanyň ýaşaýjylaryny gylyçdan geçiriň. Ondaky ähli zatlary bütinleý ýok ediň, hatda mal-garalaryny-da gyryň.

16. Ondan alnan ähli oljany meýdanda bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn.

17. Rebbe aýry goýulandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir». ‎

About Kanun taglymaty Chapter 13

Read Kanun taglymaty Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Kanun taglymaty
Chapter: 13
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Kanun taglymaty Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Kanun taglymaty Chapter 13?

Kanun taglymaty Chapter 13 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Kanun Taglymaty

  1. Kanun taglymaty Chapter 3
  2. Kanun taglymaty Chapter 2
  3. Kanun taglymaty Chapter 1
  4. Kanun taglymaty Chapter 26
  5. Kanun taglymaty Chapter 17
  6. Kanun taglymaty Chapter 28
  7. Kanun taglymaty Chapter 11

Explore More from Köne Äht

  1. Gelip çykyş Chapter 23
  2. Ezekiýel Chapter 36
  3. Zebur Chapter 147
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 21
  5. Gelip çykyş Chapter 16
  6. Eýýup Chapter 36
  7. Ezekiýel Chapter 24

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýanyň agysy Chapter 5
  2. Çölde Chapter 21
  3. Hoşeýa Chapter 5
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
  5. Amos Chapter 1
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 18
  7. 1 Şamuwel Chapter 20
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *