Kanun taglymaty Chapter 16

For English

Read Kanun taglymaty Chapter 16 Online

Read Kanun taglymaty Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Kanun taglymaty 16

Bap 16

1. «Abyp aýynda Hudaýyňyz Rebbiň hormatyna Pesah baýramyny beriň. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden Abyp aýynda gije çykaryp getirdi.

2. Reb Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde dowarlaryňyzdan we mal-garalaryňyzdan Hudaýyňyz Rebbe Pesah gurbanlygyny beriň.

3. Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz.

4. Ýedi günüň dowamynda ýaşaýan ýeriňizde hiç hili hamyrmaýa görünmesin. Birinji güni ikindinara öldüren gurbanlygyyňyzyň etinden ertire hiç zat galmasyn.

5. Pesah gurbanlygyny bermäge Hudaýyňyz Rebbiň size berjek galalarynyň hemmesinde rugsat berilmeýär.

6. Ony Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde beriň. Pesah gurbanyny diňe şol ýerde, Müsürden çykan günüňizdäki wagtda, agşamara Gün ýaşar wagtlary beriň.

7. Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerinde bişirip iýiň. Ertesi güni yzyňyza – çadyrlaryňyza gaýdyberiň.

8. Alty günläp hamyrmaýasyz çörek iýiň, ýedinji gün bolsa Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes ýygnanyşyk ediň, başga hiç iş etmäň».

9. «Bugdaý orup başlan ilkinji günüňizden başlap, ýedi hepdäni sanaň.

10. Soňra Hudaýyňyz Reb üçin Gyzyl kerwen baýramyny belläň. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize beren berekedine görä meýletin sadakaňyzy getiriň.

11. Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.

12. Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýatlap, şu parzlary yhlas bilen ýerine ýetiriň».

13. «Däne we üzüm hasylyňyzy ýygnanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň.

14. Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.

15. Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz.

16. Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Gyzyl kerwen baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn.

17. Her biriňiz Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä sowgatlar eltiň».

18. «Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler.

19. Adalatsyzlyk, tarapgöýlük etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogry kişiniň nädogry karar çykarmagyna sebäp bolar.

20. Adalatyň, diňe adalatyň gözleginde boluň, şonda siz ýaşap, Hudaýyňyz Rebbiň berjek ýurduny mülk edinersiňiz».

21. «Hudaýyňyz Reb üçin öz ýasan gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň.

22. Şeýle hem özüňize dikme daşlary gurmaň, çünki bu zatlar Hudaýyňyz Rebbiň ýigrenýän zatlarydyr». ‎

About Kanun taglymaty Chapter 16

Read Kanun taglymaty Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Kanun taglymaty
Chapter: 16
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Kanun taglymaty Chapter 16 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Kanun taglymaty Chapter 16?

Kanun taglymaty Chapter 16 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 16 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Kanun Taglymaty

  1. Kanun taglymaty Chapter 3
  2. Kanun taglymaty Chapter 2
  3. Kanun taglymaty Chapter 26
  4. Kanun taglymaty Chapter 17
  5. Kanun taglymaty Chapter 28
  6. Kanun taglymaty Chapter 1
  7. Kanun taglymaty Chapter 30

Explore More from Köne Äht

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
  2. Zebur Chapter 138
  3. Çölde Chapter 4
  4. Lewiler kitaby Chapter 19
  5. Eýýup Chapter 11
  6. 2 patyşalar Chapter 1
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8

Related Chapters & Readings

  1. Efeslilere haty Chapter 6
  2. Zebur Chapter 53
  3. Hoşeýa Chapter 4
  4. Ýermeýa Chapter 24
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
  6. 1 Şamuwel Chapter 21
  7. Ýermeýa Chapter 8
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *