Kanun taglymaty Chapter 6

For English

Read Kanun taglymaty Chapter 6 Online

Read Kanun taglymaty Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Kanun taglymaty 6

Bap 6

1. «Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyrygy, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.

2. Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar.

3. Şonuň üçin hem, eý ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz.

4. Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.

5. Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň.

6. Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň.

7. Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin.

8. Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle.

9. Olary jaýyňyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goý».

10. «Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wada eden ýurduna getirjek. Ol ýurt öz gurmadyk uly we owadan galalaryňyzdan,

11. öz gazanmadyk harytlaryňyzdan doly öýlerden, öz gazmadyk guýylaryňyzdan, öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzdan ybaratdyr. Siz olardan iýip doýanyňyzda,

12. gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.

13. Hudaýyňyz Rebden gorkuň. Oňa gulluk ediň, diňe Onuň adyndan ant içiň.

14. Başga hudaýlaryň, daş-töweregiňizdäki halklaryň hudaýlarynyň hiç biriniň yzyna düşmäň.

15. Çünki araňyzdaky Hudaý Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar.

16. Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň.

17. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize buýran tabşyryklaryny, düzgünleridir parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetiriň.

18. Rebbiň nazarynda dogry we gowy işler ediň, şonda gowy günler görersiňiz. Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna baryp, ony özüňize mülk edinersiňiz.

19. Rebbiň söz berşi ýaly, öňüňizden ähli duşmanlaryňyzy Onuň Özi kowup çykarar.

20. Wagt gelip, çagalaryňyz sizden: „Hudaýyňyz Rebbiň size buýran bu düzgünleriniň, parzlarynyň we hökümleriniň näme manysy bar?“ diýip sorasalar,

21. siz olara şeýle jogap beriň: „Biz Müsürde fyrownyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi.

22. Reb Müsüre, fyrowna we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi.

23. Ol ata-babalarymyza wada eden ýurduny bize bermek üçin Müsürden çykaryp getirdi.

24. Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar.

25. Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“». ‎

About Kanun taglymaty Chapter 6

Read Kanun taglymaty Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Kanun taglymaty
Chapter: 6
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Kanun taglymaty Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Kanun taglymaty Chapter 6?

Kanun taglymaty Chapter 6 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Kanun Taglymaty

  1. Kanun taglymaty Chapter 3
  2. Kanun taglymaty Chapter 2
  3. Kanun taglymaty Chapter 26
  4. Kanun taglymaty Chapter 28
  5. Kanun taglymaty Chapter 1
  6. Kanun taglymaty Chapter 23
  7. Kanun taglymaty Chapter 17

Explore More from Köne Äht

  1. Işaýa Chapter 61
  2. Wagyz kitaby Chapter 4
  3. 1 patyşalar Chapter 20
  4. Müsürden çykyş Chapter 6
  5. Eýýup Chapter 23
  6. Zebur Chapter 147
  7. Zebur Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Gelip çykyş Chapter 27
  2. Zakarýa Chapter 10
  3. Zebur Chapter 62
  4. Gelip çykyş Chapter 20
  5. Gelip çykyş Chapter 3
  6. Resullaryň Işleri Chapter 3
  7. Müsürden çykyş Chapter 24
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *