Read Kanun taglymaty Chapter 15 Online
Read Kanun taglymaty Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Kanun taglymaty 15
Bap 15
1. «Her ýedinji ýylyň ahyrynda özüňizden alnan karzlary geçiň.
2. Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi.
3. Keseki ýurtludan karzyňy sorap bilersiň, emma öz ysraýyllyňyň karzyny geç.
4. Diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Siziň araňyzda mätäç bolmasyn.
6. Hudaýyňyz Reb söz berşi ýaly, size bereket berende, köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz karz almarsyňyz. Köp halklaryň üstünden siz hökümdarlyk sürersiňiz, emma olar siziň üstüňizden hökümdarlyk sürmezler.
7. Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doň ýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň.
8. Onuň üçin eliňizi açyň, oňa näme gerek bolsa ýeterlikçe karz beriň.
9. Seresap boluň, kalbyňda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.
10. Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer.
11. Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin».
12. «Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz.
13. Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz.
14. Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň.
15. Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.
16. Emma siziň guluňyz: „Men sizden gitjek däl, sebäbi men seni we hojalygyňy söýýärin we gün-güzeranym hem gowy“ diýse,
17. bir temen alyp, onuň gulagyny gapa diräp deşiň. Soňra ol siziň hemişelik guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň.
18. Gullaryňyzy azatlyga goýbereniňizde gynanmaň, çünki olar alty ýylyň içinde talabançylyk üçin alnan bahadan iki esse artyk hyzmat etdiler. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer».
19. «Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň.
20. Siz hojalygyňyz bilen bile olary her ýyl Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, Onuň saýlajak ýerinde iýersiňiz.
21. Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny çolak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.
22. Keýigi ýa-da suguny iýişleri ýaly, ony ýaşaýan ýeriňizdäki haram adam hem, tämiz adam hem iýibersin.
23. Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň».
About Kanun taglymaty Chapter 15
Read Kanun taglymaty Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Kanun taglymaty
Chapter: 15
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Kanun taglymaty Chapter 15 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Kanun taglymaty Chapter 15?
Kanun taglymaty Chapter 15 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 15 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Kanun Taglymaty
- Kanun taglymaty Chapter 3
- Kanun taglymaty Chapter 26
- Kanun taglymaty Chapter 2
- Kanun taglymaty Chapter 23
- Kanun taglymaty Chapter 17
- Kanun taglymaty Chapter 28
- Kanun taglymaty Chapter 1
Explore More from Köne Äht
- Müsürden çykyş Chapter 32
- Danyýel Chapter 4
- Eýýup Chapter 36
- Çölde Chapter 10
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 81
- Zebur Chapter 105