Read Işaýa Chapter 3 Online
Read Işaýa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 3
Bap 3
1. Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.
2. Söweşijilerdir esgerleri, kazylardyr pygamberleri, palmanlardyr ýaşululary,
3. ellibaşylary, atly-abraýly adamlary, maslahatçylardyr mekir gözbagçylary, ökde jadygöýleri aradan aýrar.
4. Ýetginjekleri olara baştutan ederin, göwnüne gelenini edýänler olara hökmürowanlyk ederler.
5. Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.
6. Garyndaş garyndaşyna ýapyşyp, öz urugyndan bolana şeýle diýer: «Egniňde eşigiň bar, sen bize baştutan bol! Bu harabalyklar seniň gol astyňda bolsun».
7. Şol gün ol adam gygyryp, şeýle diýer: «Men ýaraňyzy sarap bilmen; öýümde ne çörek bar, ne-de geýim, meni halka—baştutan etmäň».
8. Iýerusalimiň büdrändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.
9. Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.
10. Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.
11. Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
12. Çagalary halkyma sütem edýärler, aýallary üstlerinden höküm sürýärler. Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar, ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.
13. Reb dawa tutmaga ýerinden galýar, halklara kazylyk etmek üçin aýaga galýar.
14. Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.
15. Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Taňry Hökmürowan Reb aýdýandyr.
16. Reb şeýle diýýär: «Siýon gyzlary tekepbirdirler, tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler, näzirgeşip seredýärler, näz-kereşme bilen ädim ädip, aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.
17. Şonuň üçin Taňry Siýon gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takrydar.
18. Şol gün Taňry owadan aýak-halkalaryny, alyn bezeglerini, gymmatbaha monjuklaryny,
19. gulakhalkalaryny, bileziklerini we ýaglyklaryny, börüklerini, topuk-halkalaryny, guşaklaryny, atyr çüýşejiklerini we doga-tumarlaryny,
20. ýüzüklerini we burun-halkalaryny,
21. toý lybaslaryny, kürtelerini, çabytlaryny we el-gapjyklaryny,
22. ýüz aýnalaryny, ýüpek lybaslaryny, börüklerini we bürençeklerini aýrar.
23. Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar.
24. Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar, edermen urşujylaryň söweşde ölerler.
25. Siýonyň derwezeleri ah çekip, ýas tutar, şäher çolaryp, gury ýerde oturar».
About Işaýa Chapter 3
Read Işaýa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 3?
Işaýa Chapter 3 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 27
- Isaya Chapter 13
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 34
- Isaya Chapter 28
- Isaya Chapter 26
- Isaya Chapter 16
Explore More from Köne Äht
- Lewiler kitaby Chapter 23
- Işaýa Chapter 11
- 2 Şamuwel Chapter 23
- 1 Şamuwel Chapter 13
- Habakuk Chapter 1
- Ýunus Chapter 1
- Zebur Chapter 122