Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21

For English

Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21 Online

Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýahýanyň Hoş Habary 21

Bap 21

1. Bulardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda peýda bolup, ýene şägirtlerine göründi. Ol Özüni şeýle görkezdi:

2. Simun Petrus, Ekiz diýilýän Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bilelikdediler.

3. Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da oňa: «Biz-de seniň bilen gitjek» diýdiler. Baryp, gaýyga mündüler, ýöne ol gije hiç zat tutup bilmediler.

4. Ertir ir bilen Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler.

5. Isa olara: «Eý balalar, iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler.

6. Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyndan sallaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory salladylar, balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykaryp bilmediler.

7. Şonda Isanyň gowy görýän şägirdi Petrusa: «Bu ― Reb!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna geýimini biline orap, (ol ýalaňaçdy) özüni köle oklady.

8. Beýleki şägirtler bolsa balyk toruny çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler, olar kenardan uzak bolman, onuň iki ýüz arçyn çemesi ýakynyndadylar.

9. Olar gury ýere çykanlarynda, kömür odunyň ýanyp durandygyny gördüler, közüň üstünde bolsa balyk bilen çörek bardy.

10. Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi.

11. Simun Petrus gaýyga münüp, ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy.

12. Isa olara: «Geliň, nahar ediniň» diýdi, ýöne şägirtleriň hiç biri Ondan «Sen kim?» diýip soramaga ýürek edip bilmedi, çünki Onuň Rebdigini olar bilýärdiler.

13. Isa geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy-da şeýtdi.

14. Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.

15. Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýdi. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Guzularymy otlat» diýdi.

16. Isa ikinji gezek ýene oňa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Ol-da Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi.

17. Isa oňa üçünji gezek: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Petrus Onuň üçünji gezek «Meni söýýärsiňmi?» diýip soranyna gaýgylandy, Oňa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Goýunlarymy otlat.

18. Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, halan ýeriňe gidýärdiň, emma garranyňda elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, halamaýan ýeriňe alyp gider».

19. Ol muny Petrusa onuň nähili ölüm bilen Hudaýy hormatlajakdygyna yşarat edip aýtdy. Muny aýdandan soň, oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi.

20. Petrus-da öwrülip, Isanyň gowy görýän şägirdiniň, ýagny agşam nahary wagtynda Isanyň döşüne ýaplanyp Oňa: «Ýa Reb, Saňa haýynlyk etjek kim?» diýeniň-de, yzlaryna düşüp gelýänini gördi.

21. Petrus ony görüp, Isa: «Ýa Reb, bu näme bolar?» diýdi.

22. Isa oňa: «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýdi.

23. Şeýlelikde, doganlar arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa oňa «Ölmez» diýmän, diňe «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.

24. Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şägirt şoldur. Biz onuň şaýatlygynyň hakdygyny bilýäris.

25. Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür. Olar birin-birin ýazylsa, onda ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin. Omyn!

About Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21

Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahýanyň Hoş Habary
Chapter: 21
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21?

Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21 is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 8
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 1

Explore More from ýahýanyň-hoş-habary

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 4
  2. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 16
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 5
  4. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 19
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 15
  6. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 20
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 6

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 114
  2. Gelip çykyş Chapter 27
  3. Çölde Chapter 35
  4. Ýermeýa Chapter 50
  5. Nagmalar nagmasy Chapter 1
  6. Hoşeýa Chapter 2
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 15
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *