2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 21

Bap 21

1. Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ýoram onuň ýerine patyşa boldy.

2. Ýoramyň inileri şulardy: Azarýa, Ýehiýel, Zakarýa, Azarýa, Mikaýyl we Şepatýa. Bular Ýehoşapatyň ogullarydy.

3. Olaryň kakasy ogullaryna Ýahudadaky galalar bilen birlikde kümüşden, altyndan we gymmatbaha zatlardan ybarat bolan köp sowgatlar beripdi. Emma Ýehoşapat patyşalygy Ýorama beripdi. Ýoram onuň nowbahar ogludy.

4. Ýoram kakasynyň tagtyna çykyp, patyşalygyny berkidensoň, ol ähli inilerini hem-de Ysraýylyň käbir baştutanlaryny gylyçdan geçirdi.

5. Ýoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi.

6. Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.

7. Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.

8. Ýoramyň döwründe edomlar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular.

9. Onsoň Ýoram söweş arabalarynyň serkerdeleri bilen gitdi. Edomlar Ýoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýoram ýanyndakylar bilen gije edomlaryň içinden geçip, gaçdylar.

10. Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.

11. Mundan başga-da, Ýoram Ýahuda daglygyndaky butlara sežde edilýän ýerleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy.

12. Ýorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär:

13. „Sen kakaň Ýehoşapatyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar.

14. Ine, Reb seniň halkyň, çagalaryň, aýallaryň, ähli mal-mülkiň başyndan agyr külpet inderer.

15. Sen bolsa agyr içege keseline ýolugarsyň. Tä içegeleriň daşyna akyp çykýança, keseliň günsaýyn ýaramazlaşar“».

16. Reb piliştlileriň we efiopiýalylaryň golaýyndaky araplaryň Ýorama garşy gazabyny oýardy.

17. Olar Ýahudanyň üstüne çozup girip, patyşanyň köşgüne degişli bolan ähli mal-mülkleri, patyşanyň ogullarydyr aýallaryny alyp gitdiler. Patyşanyň körpe ogly Ýehogahazdan başga ogly galmady.

18. Bu wakalardan soň, Reb Ýoramy bejerip bolmaýan içege keseline ýolukdyrdy.

19. Iki ýyllap onuň keseli günsaýyn ýaramazlaşyp, ikinji ýylyň ahyrynda içegeleri daşyna çykyp, ol agyr jebir-sütemden ýaňa dünýäden ötdi. Onuň halky ata-babalaryna edişleri ýaly onuň hatyrasyna ot ýakmadylar.

20. Ýoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 21
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Ezekiýel Chapter 26
  2. Hoşeýa Chapter 7
  3. Ester Chapter 9
  4. Zebur Chapter 18
  5. Ýermeýa Chapter 42
  6. Ýermeýa Chapter 21
  7. Zebur Chapter 139

Related Chapters & Readings

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 7
  2. Ýahýanyň birinji haty Chapter 3
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 11
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 35
  5. Zebur Chapter 40
  6. Işaýa Chapter 40
  7. Ýermeýa Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *