Ýermeýa Chapter 35

For English

Read Ýermeýa Chapter 35 Online

Read Ýermeýa Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýa 35

Bap 35

1. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründe Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:

2. «Rekabyň kowumlarynyň ýanyna gidip, olar bilen gepleş we olary Rebbiň öýüniň otaglarynyň birine getir-de, şerap içir».

3. Onsoň men Habasynýanyň agtygy, Ýermeýanyň ogly Ýagazanýany, onuň doganlaryny, ogullaryny we Rekabyň ähli kowumlaryny alyp,

4. olary Hudaý adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady.

5. Onsoň men Rekabyň kowumlarynyň öňünde şerapdan doly küýzeler bilen käseler goýup, olara: «Şerap içiň» diýdim.

6. Emma olar şeýle jogap berdiler: «Ýok, biz içjek däl, çünki atamyz Rekabyň ogly Ýonadap bize şeýle buýruk berdi: „Siziň özüňiz-de, çagalaryňyz-da hiç wagt şerap içmeli dälsiňiz.

7. Özüňiz üçin öý gurmaň, ekin ekmäň, üzüm agaçlaryny oturtmaň, bu zatlary edinmäň. Eýsem bütin ömrüňize çadyrlarda ýaşaň. Şonda gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“.

8. Biz atamyz Rekabyň ogly Ýonadabyň özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. Biziň özümiz-de, aýallarymyz-da, ogul-gyzlarymyz-da hiç wagt şerap içmedik.

9. Içinde ýaşar ýaly öýler gurmadyk, baglar, üzümçilikler, ekinler ekmedik.

10. Biz çadyrlarda ýaşadyk. Atamyz Ýonadaba gulak asyp, özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik.

11. Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we aramlylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».

12. Onsoň Ýermeýa Rebbiň sözi gelip,

13. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Git-de, ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatyna şeýle diý: „Siz Meniň sözlerimi diňläp, hiç bir sapak aljak dälmisiňiz? Muny Reb aýdýar.

14. Rekabyň ogly Ýonadabyň öz nesillerine şerap içmäň diýen tabşyrygy berjaý edilýär. Olar tä şu güne çenli şerap içmän, ata-babalarynyň tabşyrygyna gulak asýarlar. Men bolsam size irginsiz aýtdym, emma Meni diňlemediňiz.

15. Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.

16. Rekabyň ogly Ýonadabyň nesilleri öz ata-babalarynyň beren tabşyrygyny berjaý etdiler, emma bu halk Meni diňlemedi“.

17. Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».

18. Ýermeýa Rekabyň kowumlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Siz ataňyz Ýonadabyň buýrugyna gulak asdyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý etdiňiz, size buýran ähli zatlaryny ýerine ýetirdiňiz.

19. Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez“».

About Ýermeýa Chapter 35

Read Ýermeýa Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýa
Chapter: 35
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýa Chapter 35 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýa Chapter 35?

Ýermeýa Chapter 35 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 35 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ýermeýa

  1. Ýermeýa Chapter 5
  2. Ýermeýa Chapter 30
  3. Ýermeýa Chapter 19
  4. Ýermeýa Chapter 41
  5. Ýermeýa Chapter 47
  6. Ýermeýa Chapter 26
  7. Ýermeýa Chapter 8

Related Chapters & Readings

  1. Ezekiýel Chapter 3
  2. Nehemýa Chapter 4
  3. Lewiler kitaby Chapter 16
  4. 1 Şamuwel Chapter 27
  5. 2 patyşalar Chapter 22
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10
  7. Ýermeýa Chapter 15
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *