1 Şamuwel Chapter 9

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 9 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 9

Bap 9

1. Benýamin tiresinden Kiş atly bir baý adam bardy. Ol Abyýeliň ogly, Seroryň agtygy, Bekoradyň çowlugy, Apyýanyň ýuwlugydy.

2. Onuň Şawul atly ýaş hem görmegeý bir ogly bardy. Ysraýylda boý-syrat babatda oňa taý ýokdy; beýlekiler onuň egnindendi.

3. Bir gün Şawulyň kakasy Kiş öz urkaçy eşeklerini ýitirdi. Ol Şawula: «Hyzmatkärlerden birini ýanyňa al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi.

4. Olar Efraýym daglygynyň we Şalyşa topragynyň içinden geçdiler, ýöne olar eşekleri tapmadylar. Soňra olar Şagalym topragynyň içinden geçdiler, ýöne ol ýerden hem eşekler tapylmady. Onsoň olar benýamin topragynyň içinden geçdiler, ýöne eşeklerden derek tapyp bilmediler.

5. Olar Sup topragyna ýetenlerinde, Şawul ýanyndaky hyzmatkärine: «Yzymyza gaýdaly, ýogsam, kakam eşeklere derek bizi gaýgy edip başlar» diýdi.

6. Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu 8Ýetmiş adamy – Bu sözler käbir gadymy golýazmalardan alnan, ýöne başga golýazmalarda ýetmiş adamy, bäş müň adamy. 9Mesh etmek – Kimdir birini depesinden ýag guýup, patyşalyga ýa-da ýolbaşçylyga bellemek. Sözlüge seret. galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer».

7. Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi.

8. Hyzmatkär Şawula ýene: «Ynha, mende bir kiçi kümüş teňňe bar. Men ony Hudaýyň adamyna bererin, ol bize ýol görkezer» diýdi.

9. (Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler).

10. Şawul hyzmatkäre: «Gowy pikir, bolýar, ýör gideli» diýdi. Şeýdip, olar Hudaýyň adamynyň ýaşaýan galasyna gitdiler.

11. Ýokarlygyna gala çykyp barýarkalar, olaryň öňünden suwa barýan gelin-gyzlar çykdy. Ol ikisi bulardan: «Görgür şu ýerdemi?» diýip soradylar.

12. Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, çünki sežde edilýän ýerde halk şu gün gurbanlyk berýär.

13. Nahar iýmek üçin, sežde edilýän ýere çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz».

14. Olar ýokarlygyna gala tarap gitdiler. Gala girip barýarkalar, sežde edilýän ýere çykýan ýol bilen olara tarap Şamuwel ýöräp gelýärdi.

15. Şawul gelmezinden bir gün öň Reb Şamuwele şeýle diýipdi:

16. «Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdarlyga ýag çalyp saýlanarsyň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».

17. Şamuwel Şawuly görende, Reb oňa: «Ine, Meniň saňa aýdan adamym şu. Meniň halkyma baştutanlyk etjek şoldur» diýdi.

18. Şondan soň derwezäniň agzynda Şawul Şamuweliň golaýragyna gelip: «Aýtsaňyzlaň, görgüriň öýi niredekä?» diýip, ondan sorady.

19. Şamuwel Şawula şeýle jogap berdi: «Görgür mendirin. Öňüme düş, sežde edilýän ýere çykaly, siz bu gün meniň bilen bile naharlanarsyňyz. Ertir irden men siziň soraglaryňyza jogap bererin we sizi öz ýoluňyza ugradaryn.

20. Üç gün mundan öň ýiten eşekleriňizi bolsa alada etmäň, olar eýýäm tapyldy. Tutuş Ysraýylyň baýlygy seniňki we ataňyň nesilleriniňki dälmi eýsem?!»

21. Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi.

22. Soňra Şamuwel Şawul bilen onuň hyzmatkärini uly bir otaga alyp bardy we ony çagyrylan otuz töweregi adamyň hemmesiniň üstünden töre geçirdi.

23. Soňra Şamuwel aşpeze: «Aýratyn goý diýip buýran paýymy getir» diýdi.

24. Aşpez bir budy üstüniň ýagy bilen bile getirip, Şawulyň öňünde goýdy. Şamuwel Şawula: «Ine, şu paý seniň üçin goýuldy. Al, iýiber, men muny ýörite seniň üçin goýdurdym, bu myhmanlary bolsa seniň bilen bile nahar iýmäge çagyrdym» diýdi. Şeýdip, ol gün Şawul Şamuwel bilen bile naharlandy.

25. Olar sežde edilýän ýerden gala gaýdyp gelenlerinden soň, Şamuwel Şawul bilen üçegiň üstünde gepleşdi.

26. Daň atanda: «Tur, men seni ugradaýyn» diýip, Şamuwel üçegiň üstünde ýatan Şawula gygyrdy. Şawul turandan soň, ol ikisi bile ýola çykdy.

27. Olar galanyň çetine çykanlarynda, Şamuwel Şawula: «Hyzmatkäriňe aýt, goý, ol öňümizden ýöräbersin. Sen şu ýerde biraz aýak çek, men saňa Hudaýyň sözüni aýtjak» diýdi.

About 1 Şamuwel Chapter 9

Read 1 Şamuwel Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 9
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 9 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 9?

1 Şamuwel Chapter 9 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 9 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 1
  5. 1 Şamuwel Chapter 28
  6. 1 Şamuwel Chapter 24
  7. 1 Şamuwel Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Zakarýa Chapter 11
  2. Gelip çykyş Chapter 32
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
  4. Danyýel Chapter 6
  5. Danyýel Chapter 7
  6. Gelip çykyş Chapter 7
  7. Ezekiýel Chapter 43

Related Chapters & Readings

  1. Müsürden çykyş Chapter 15
  2. Ýeşuwa Chapter 22
  3. Zakarýa Chapter 1
  4. Müsürden çykyş Chapter 35
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23
  6. Zebur Chapter 121
  7. Ezekiýel Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *