Read 1 Şamuwel Chapter 3 Online
Read 1 Şamuwel Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 Şamuwel 3
Bap 3
1. Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy.
2. Şeýle günleriň birinde çöňňeren gözleri bilen oňly saýgarmaýan Eliý öz düşeginde ýatyrdy.
3. Şamuwel hem Hudaýyň sandygynyň saklanýan ýeri bolan Rebbiň ybadathanasynda ýatyrdy. Hudaýyň çyrasy heniz sönmändi. 4–5 Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Men bärde» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.
6. Reb: «Şamuwel!» diýip, ony ýene çagyrdy. Şamuwel ýene turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa ýene: «Men seni çagyramok ahyryn, oglum, bar, ýatyber» diýdi.
7. Şamuwel heniz Rebbi ýakyndan tanamaýardy, Rebbiň sözi Şamuwele entek aýan bolmandy.
8. Reb Şamuweli üçünji gezek çagyrdy. Ol ýene-de turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Şondan soň oglany Rebbiň çagyrýandygyna Eliý düşündi.
9. Şoňa görä Eliý Şamuwele: «Bar, ýatyber. Eger Ol seni ýene çagyraýsa, Oňa: „Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär“ diýip jogap berersiň» diýdi. Şamuwel ýene-de baryp, öz ýerinde ýatdy.
10. Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.
11. Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin.
12. Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin.
13. Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.
14. Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».
15. Şamuwel daň atýança ýatdy. Soňra turup, Rebbiň öýüniň gapylaryny açdy. Şamuwel bu alamaty Eliýä duýdurmakdan gorkýardy.
16. Emma Eliý: «Şamuwel, oglum» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Şamuwel: «Ine, men geldim» diýip jogap berdi.
17. Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.
18. Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.
19. Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.
20. Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bütin Ysraýyl bildi.
21. Şiloda Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.
About 1 Şamuwel Chapter 3
Read 1 Şamuwel Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 Şamuwel
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 Şamuwel Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 Şamuwel Chapter 3?
1 Şamuwel Chapter 3 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-şamuwel
- 1 Şamuwel Chapter 16
- 1 Şamuwel Chapter 13
- 1 Şamuwel Chapter 19
- 1 Şamuwel Chapter 1
- 1 Şamuwel Chapter 28
- 1 Şamuwel Chapter 24
- 1 Şamuwel Chapter 22
Explore More from Köne Äht
- Gelip çykyş Chapter 44
- Ysraýyl serdarlary Chapter 17
- Ysraýyl serdarlary Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 20
- Ezekiýel Chapter 10
- Işaýa Chapter 66
- Müsürden çykyş Chapter 24