1 Şamuwel Chapter 10

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 10 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 10

Bap 10

1. Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.

2. Şu gün meniň ýanymdan gideniňden soň, benýamin topragyndaky Selsada, Raheliň mazarynyň ýanynda saňa iki sany adam duşar. Olar: „Eşekleriňiz tapyldy. Kakaň eşeklerden geçip, ‘Ogluma näme bolduka?’ diýip, seniň gaýgyňy edip otyr“ diýerler.

3. Soňra ol ýerden gidersiň we Tabordaky dub agajynyň ýanyna bararsyň. Ol ýerde sen biri üç owlak, beýlekisi üç çörek, ýene biri bolsa bir tulum şerap alyp, Beýtele, Hudaýyň ýanyna barýan üç kişä duşarsyň.

4. Olar saňa salam bererler we bir jübüt çörek hödür ederler; çörekleri alarsyň.

5. Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, sežde edilýän ýerden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we barbat çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.

6. Şondan soň Rebbiň ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we başga adama öwrülersiň.

7. Şol alamatlar ýerine ýetende, sen göwnüňe gelenini edip bilersiň, çünki Hudaý saňa ýardyr.

8. Indi menden öň aşak, Gilgala in. Ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek üçin, ol ýere men hem barjak. Ýedi gün garaşanyňdan soň, ýanyňa baryp, näme etmelidigiňi aýdaryn».

9. Şawul Şamuweliň ýanyndan gaýtmak üçin yzyna öwrülende, Hudaý onuň kalbyny täzeledi. Bu alamatlaryň hemmesi şol gün ýerine ýetdi.

10. Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.

11. Ony öňden tanaýanlar bu ýagdaýy görüp: «Bu Kişiň ogluna näme bolup ýörkä? Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýişdiler.

12. Ol ýerdäkileriň biri: «Bu pygamberleriň atalary kim bolupdyr-ka?» diýdi. «Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.

13. Şawul joşup, pygamberlik edip bolandan soň, sežde edilýän ýere çykdy.

14. Şawulyň daýysy: «Nirä bardyňyz?» diýip, ondan we onuň hyzmatkärinden sorady. Şawul: «Eşekleri agtardyk, ýöne olary tapyp bilmänimizden soň, Şamuweliň ýanyna gitdik» diýip jogap berdi.

15. Şawulyň daýysy: «Ol size näme diýdi?» diýip, ondan sorady.

16. Şawul daýysyna: «Ol bize eşekleriň tapylandygyny anyk aýtdy» diýdi. Ýöne Şamuweliň patyşalyk babatda aýdanlaryny ol daýysyna aýtmady.

17. Soňra Şamuwel Mispada ysraýyl halkyny Rebbiň huzuryna çagyryp,

18. şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men Ysraýyly Müsürden çykardym, ony müsürlileriň we beýleki şalyklaryň penjesinden halas etdim“.

19. Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».

20. Soňra Şamuwel ysraýyl tireleriniň ählisini ýeke-ýekeden öňe çykardy. Olardan bije boýunça benýamin tiresi saýlanyp alyndy.

21. Soňra Şamuwel benýamin tiresini maşgalama-maşgala öňe çykardy. Olardan Matrynyň maşgalasynyň bijesi çykdy. Olardan Kişiň ogly Şawulyň bijesi çykdy, ýöne olar ony idäp tapyp bilmediler.

22. Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.

23. Adamlar ony ol ýerden çykaryp getirdiler. Ol halkyň öňünde durdy; beýlekiler onuň egnindendi.

24. Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.

25. Soňra Şamuwel halka patyşanyň düzgünlerini we kadalaryny düşündirdi. Olary kitaba ýazyp, şol ýerde, Rebbiň huzurynda goýdy. Şondan soň Şamuwel adamlary öýli-öýüne ugratdy.

26. Şawul-da Gibgadaky öz öýüne gitdi; Hudaý tarapyn ýüreklerine mertlik salnan esgerler oňa ýoldaş boldular.

27. Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, ony pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.

About 1 Şamuwel Chapter 10

Read 1 Şamuwel Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 10
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 10?

1 Şamuwel Chapter 10 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 1
  5. 1 Şamuwel Chapter 28
  6. 1 Şamuwel Chapter 22
  7. 1 Şamuwel Chapter 24

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 89
  2. Müsürden çykyş Chapter 28
  3. Nagmalar nagmasy Chapter 4
  4. 2 patyşalar Chapter 25
  5. Zebur Chapter 33
  6. Zebur Chapter 63
  7. Zebur Chapter 21

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 89
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
  3. Eýýup Chapter 9
  4. Ýeşuwa Chapter 14
  5. Çölde Chapter 6
  6. Kanun taglymaty Chapter 18
  7. 1 Selaniklilere haty Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *