1 Şamuwel Chapter 4

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 4 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 4

Bap 4

1. Şonda ysraýyllar piliştlilere garşy baş göterdiler. Ysraýyllar Ebenezerde, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdular.

2. Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.

3. Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin».

4. Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.

5. Rebbiň Äht sandygy düşelgä getirilende, ähli ysraýyllar şeýle bir gygyryşdylar welin, olaryň gykylygyndan ýaňa hatda ýer sarsdy. 6–7 Piliştliler bu gykylygy eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki bu gykylyk nämäniň alamatyka?» diýşip geňirgenişdiler. Ysraýyllaryň düşelgesine Rebbiň sandygynyň getirlendigini bilenlerinde bolsa, olar gorkup, şeýle diýdiler: «Olaryň düşelgesine hudaýlar gelipdir. Dat biziň günümize! Bu öň görlüp-eşidilen zat däl ahyryn.

8. Dat biziň günümize! Bu kuwwatly hudaýlaryň elinden kim bizi halas edip biler? Her hili bela-beterler bilen bular çölde müsürlilere göz görkezen hudaýlar ahyryn.

9. Eý piliştliler, ýewreýleriň öz gapyňyzda gul boluşlary ýaly, siziň hem olaryň gapysynda gul bolasyňyz gelmeýän bolsa, gaýrata galyň, mert boluň! Olar bilen mert durup söweşiň!»

10. Şondan soň piliştliler hüjüme geçdiler. Ysraýyllar ýeňlip, dyr-pytrak bolup, öýli-öýüne gaçdylar. Uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler.

11. Hudaýyň sandygy elden gitdi, Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem öldürildi.

12. Benýaminlerden biri gaçyp, söweş meýdanyndan çykdy we şol günüň özünde Şilo geldi. Ol ýakasyny çäkläp, başyndan gum sowrupdy.

13. Ol gelende, Eliý ýoluň ugrundaky kürsüsinde gözlerini zordan ýola dikip otyrdy, çünki Hudaýyň sandygynyň alnyp gidilmegi onuň ýüregini elendirýärdi. Ýaňky adam gala girip, bolan wakany habar berende, tutuş gala eňredi.

14. Eliý bu zenzeläni eşidip: «Bu galmagal nämekä?» diýdi. Ol adam gyssanmaç gelip, Eliýi habardar etdi.

15. (Şol wagt Eliý togsan sekiz ýaşyndady, onuň çöňňelen gözleri oňly saýgarmaýardy).

16. Ýaňky adam Eliýä: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Men ol ýerden şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. «Näme boldy, oglum?» diýip, Eliý ondan sorady.

17. «Ysraýyl piliştlilerden gaçdy, halk gyryldy, ogullaryň Hopny bilen Pinehas duşman elinden öldi, Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýip, habar getiren adam jogap berdi.

18. Hudaýyň sandygy agzalan bada, Eliý oturan kürsüsinden çiň arkanlygyna derweze tarapa agyp gaýtdy. Ol garry hem agyr göwre bolansoň, boýny omrulyp jan berdi. Ol Ysraýyla kyrk ýyllap serdarlyk etdi.

19. Onuň gelni – Pinehasyň aýaly aýy-güni ýetik göwrelidi. Hudaýyň sandygynyň elden gidendigi, gaýynatasydyr adamsynyň-da ölendigi baradaky habary eşidende, ol göwresindäki çagany dogurdy, emma ol burgy agyrysyna döz gelip bilmedi.

20. Ol demini sanap ýatyrka, ýanyndaky aýallar oňa: «Gorkma, ogluň boldy» diýdiler. Emma ol bulara ne üns berdi, ne-de jogap.

21. Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy.

22. Ol: «Ysraýyldan şöhrat gitdi, çünki Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýdi.

About 1 Şamuwel Chapter 4

Read 1 Şamuwel Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 4
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 4?

1 Şamuwel Chapter 4 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 1
  5. 1 Şamuwel Chapter 28
  6. 1 Şamuwel Chapter 24
  7. 1 Şamuwel Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. 1 patyşalar Chapter 9
  2. Işaýa Chapter 53
  3. Zebur Chapter 70
  4. Lewiler kitaby Chapter 11
  5. 2 Şamuwel Chapter 8
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 7
  7. Lewiler kitaby Chapter 19

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 22
  2. Hoşeýa Chapter 12
  3. 1 Korintoslylara haty Chapter 13
  4. 2 patyşalar Chapter 19
  5. Zebur Chapter 106
  6. Galatýalylara haty Chapter 6
  7. Zebur Chapter 141
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *