Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 6 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 6
Bap 6
1. Oglum, karz aljaga kepil geçip, oňa derek el beren bolsaň,
2. Öz diliňden duzaga düşensiň, öz sözleriň bilen tutulansyň.
3. Ondan halas bolmak üçin şeýle etmeli, oglum. Ýakynyň penjesine düşeniňe görä, bar-da, onuň öňünde özüňi kiçelt. Ýalbar.
4. Gözüňe uky berme, gabagyňy ýumma.
5. Awçydan gaçan jeren kimin, Guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar.
6. Eý, ýalta, garynjanyň ýanyna bar; olaryň işleýşine seret-de, akyl al!
7. Olaryň ne baştutany, ne gözegçisi, ne-de hökümdary bar.
8. Tomusda öz iýmitini toplaýarlar, orakda öz azygyny ýygnaýarlar.
9. Eý, ýalta kişi, sen haçana çenli ýatjak? Ukudan haçan oýanjak?
10. Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk garakçy ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
12. Deýýus bilen ýamanyň ýalan ýaşaýar agzynda.
13. Ol gözlerini gypýar, aýaklary bilen yşarat edýär, barmagy bilen ümleýär.
14. Ýüreginde mekir niýet bar, mydama dawa-jenjel turuzýar.
15. Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner; pagyş-para bolar, şypa tapylmaz.
16. Reb alty zady, dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir.
17. Tekepbir göz, ýalançy dil, bigünä gan dökýän el.
18. Ýaman niýetli ýürek, ýamanlyga ýortýan aýaklar,
19. Ýalan ýagdyrýan galp şaýat, doganlar arasynda dawa döredýän adam.
20. Oglum, ataň buýrugyny berjaý et, eneň öwütlerinden ýüz öwürme.
21. Olary mydam ýüregiňde sakla, boýnuňa bagla.
22. Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň; gorarlar seni ýatan mahalyň; gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda.
23. Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk – çyra, öwüt – nurdur. Käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.
25. Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.
26. Lolynyň bahasy bir döwüm çörege dursa-da, bu kemçin gymmatly jany awlaýandyr.
27. Kim eteginde ot göterer-de, eşigini ýakmaz?
28. Kim közüň üstünden ýörär-de, dabany köýmez?
29. Ýakynynyň aýalynyň ýanyna giren hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz.
30. Açka garnyny doýurmak üçin ogurlan ogryny ýigrenýän däldirler ahyryn?
31. Ýöne ol tutulsa, ýedi esse edip gaýtarar; öýüniň bar baýlygyny bermeli bolar.
32. Zyna edýän adam kemakyldyr; ol öz janyny heläk edýär.
33. Ol tenine ýara alar, biabraýçylyga uçrar, päklenip bolmajak uýada galar.
34. Çünki gabanjaňlyk erkek kişini gazaplandyrýar, ol öç alanda, hiç rehim etmez.
35. Ol seniň para-peşgeşiňe bakmaz, näçe töleseň-de, hiç razy bolmaz.
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 6
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 6?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 6 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 54
Explore More from süleýmanyň-pähimleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 18
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 28
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 22
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 15
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 2
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 26