1 Şamuwel Chapter 19

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 19 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 19

Bap 19

1. Şawul öz ogly Ýonatana hem-de öz adamlaryna Dawudy öldürmegi tabşyrdy. Emma Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi.

2. Ol Dawuda: «Kakam seni öldürmegi ýüregine düwdi. Ertir daňdan hüşgär bol; bir amatly ýer tap-da gizlen.

3. Menem seniň meýdanda gizlenen ýeriňe bararyn we kakamyň ýanynda durup, onuň bilen sen hakda gepleşerin. Eger bir zat aňaýsam, saňa habar bererin» diýdi.

4. Ýonatan kakasy Şawulyň ýanynda Dawudy taryplap, şeýle diýdi: «Sen öz guluň Dawuda ýamanlyk etme, çünki sen ondan hiç bir ýamanlyk görmediň; gaýtam, sen ondan haýyr gördüň.

5. Ol başyny etegine salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».

6. Şawul Ýonatanyň sözüne ynandy we oňa: «Onuň janyna kast etmejekdigime Rebden ant içýärin» diýdi.

7. Ýonatan Dawudy çagyryp, bu gürrüňleri oňa ýetirdi. Soňra ol Dawudy Şawulyň ýanyna alyp bardy. Şunlukda, Dawut ýene öňküsi ýaly Şawula gulluga durdy.

8. Ýene söweşler başlandy. Dawut gidip, piliştliler bilen söweşdi we olary uly ýeňlişe sezewar etdi; piliştliler gaçmaga mejbur boldular.

9. Bir gün Şawul eli naýzaly öz öýünde otyrdy, Dawudam oňa saz çalyp berýärdi. Birden Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne indi.

10. Şawul elindäki naýzasy bilen Dawudy diwara çüýlemegi ýüregine düwdi. Emma Dawut naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi; naýza baryp, diwara çümdi. Dawut şol gije ýene-de gaçyp başyny gutardy.

11. Şawul Dawudy ertir daň bilen öldürmek üçin, onuň öýüni garawullaň diýip, öz adamlaryny iberdi. Aýaly Mikal Dawuda: «Eger-de şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi.

12. Soňra Mikal Dawudy penjireden çykaryp gaçyryp goýberdi. Ol gaçyp gizlendi.

13. Mikal bir buty alyp, düşekde ýatyrdy; onuň başyna tüýli geçi derisini geýdirip, üstüne-de ýapynja atdy.

14. Dawudy tutmak üçin, Şawulyň iberen adamlaryna Mikal: «Ol syrkawlap ýatyr» diýdi.

15. Onsoň Şawul: «Dawudy öz gözüňiz bilen görüp, ony düşegi bilen bile alyp geliň, men ony öldürjek» diýip, öz adamlaryny iberdi.

16. Şawulyň adamlary düşekde başyna tüýli geçi derisi geýdirilen buty görendiklerini oňa habar berdiler.

17. Şondan soň Şawul Mikaly çagyryp, oňa: «Näme üçin meni aldap, meniň duşmanymy gaçyryp goýberip, oňa gizlenmäge mümkinçilik berdiň?» diýdi. Mikal oňa: «„Goýbermeseň öldürerin“ diýdi» diýip jogap berdi.

18. Gaçyp başyny gutaran Dawut Ramada ýaşaýan Şamuweliň ýanyna gelip, Şawulyň özüne edenleriniň baryny oňa gürrüň berdi. Soňra Şamuwel bilen bile Naýot galasyna gidip, şol ýerde galdy.

19. Dawudyň Ramadaky Naýot galasyndadygyny Şawula habar berdiler.

20. Şawul Dawudy tutup getirmek üçin, öz adamlaryny iberdi. Olar Şamuweliň ýolbaşçylygynda joşup, pygamberlik edip ýören pygamberleriň toparyny gördüler. Şonda Şawulyň adamlarynyň-da üstüne Hudaýyň ruhy indi. Şunlukda, olar hem joşup, pygamberlik etmäge başladylar.

21. Şawul muny eşidip, başga adamlary iberdi, ýöne olar hem joşup, pygamberlik edýänlere goşuldylar. Şawulyň üçünji gezekki iberen adamlary-da öňküleri ýaly boldular.

22. Ahyrsoňy Rama Şawulyň özi gitdi. Ol Sekudaky ullakan guýynyň ýanyna baryp: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip, şol ýerdäkilerden sorady. Olaryň biri: «Olar Ramanyň Naýot galasynda» diýip jogap berdi.

23. Şawul Ramanyň Naýot galasyna tarap barýarka, onuň hem üstüne Hudaýyň ruhy indi. Ol tä Naýota barýança ýolboýy joşup, pygamberlik edip gitdi.

24. Ol hatda eşiklerini çykaryp, Şamuweliň öňünde pygamber ýaly joşdy we tutuş bir gije-gündizläp ýalaňaç süýnüp ýatdy. («Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.)

About 1 Şamuwel Chapter 19

Read 1 Şamuwel Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 19
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 19 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 19?

1 Şamuwel Chapter 19 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 19 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 1
  4. 1 Şamuwel Chapter 28
  5. 1 Şamuwel Chapter 22
  6. 1 Şamuwel Chapter 24
  7. 1 Şamuwel Chapter 18

Explore More from Köne Äht

  1. Zakarýa Chapter 7
  2. 2 patyşalar Chapter 5
  3. Müsürden çykyş Chapter 16
  4. Çölde Chapter 25
  5. Ester Chapter 4
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 24
  7. Müsürden çykyş Chapter 27

Related Chapters & Readings

  1. Ýeşuwa Chapter 19
  2. Zebur Chapter 72
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 24
  4. Kanun taglymaty Chapter 11
  5. Nagmalar nagmasy Chapter 1
  6. Zebur Chapter 52
  7. Ýermeýa Chapter 46
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *