1 Şamuwel Chapter 7

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 7 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 7

Bap 7

1. Şondan soň Kirýatýegarymlylar gelip, Rebbiň sandygyny alyp gitdiler. Olar ony depäniň üstünde ýaşaýan Abynadabyň öýüne getirdiler we Kirýatýegarymyň ýaşululary Rebbiň sandygyna gözegçilik etmäge onuň ogly Elgazary belläp, ony mesh etdiler.

2. Sandyk uzak wagtlap – ýigrimi ýyla golaý Kirýatýegarymda galdy. Şol arada tutuş ysraýyl halky Rebbe nalyş etdi.

3. Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».

4. Şondan soň ysraýyllar Bagal we Aştoret butlaryny terk edip, diňe Rebbe gulluk etdiler.

5. Şamuwel olara: «Hemmäňiz Mispada ýygnanyşyň, men ol ýerde siz üçin Rebbe dileg etjek» diýdi.

6. Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.

7. Ysraýyllaryň Mispada toplanyşandygyny eşiden piliştli hanlar olara garşy baş göterdiler. Ysraýyllar muny eşidip, howsala düşdüler.

8. Olar Şamuwele: «Hudaýymyz Rebbe biz üçin dileg etmäňi goýma, Ol bizi piliştlileriň elinden halas etsin» diýip ýüzlendiler.

9. Şamuwel heniz otugmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.

10. Şamuweliň Rebbe ýakma gurbanlyk berýän wagty, ysraýyllaryň üstüne çozmak üçin, piliştliler olaryň alkymyna geldiler. Emma Reb ol gün güňleç ses edip, piliştlileri aljyraňňylyga saldy; olar ysraýyllardan ýeňlip gaçdylar.

11. Ysraýyllar Mispadan çykyp, piliştlileri Beýtkaryň etegine çenli kowalap, olary gyrdylar.

12. Şamuwel bir daşy alyp, ony Mispa bilen Şeniň arasynda dikeldip goýdy we «Reb bize şu güne çenli ýardam etdi» diýip, ol şol ýeri Ebenezer diýip atlandyrdy.

13. Şeýlelikde, piliştliler boýun egdirildi we şondan soň gaýdyp olar ysraýyl topragyna aýak sekmediler. Tä Şamuwel dünýäden ötýänçä, Rebbiň goly piliştlileriň garşysyna boldy.

14. Piliştliler ysraýyllardan basyp alan galalaryny – Ekrondan Gata çenli aralykdaky galalaryň ählisini yzyna gaýtaryp berdiler. Ysraýyllar öz topragyny piliştlilerden azat etdiler. Ysraýyl bilen amorlaryň arasynda asuda durmuş berkarar boldy.

15. Şamuwel ömri ötýänçä, Ysraýyla serdar boldy.

16. Ol ýylyň ýylyna Beýtele, Gilgala, Mispa aýlanyp, şol ýerlerde Ysraýyly dolandyrardy.

17. Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.

About 1 Şamuwel Chapter 7

Read 1 Şamuwel Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 7
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 7?

1 Şamuwel Chapter 7 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 1
  5. 1 Şamuwel Chapter 28
  6. 1 Şamuwel Chapter 24
  7. 1 Şamuwel Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Çölde Chapter 21
  2. Ezekiýel Chapter 14
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  4. Zakarýa Chapter 12
  5. Ýeşuwa Chapter 23
  6. Zebur Chapter 119
  7. Zakarýa Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Lewiler kitaby Chapter 9
  2. Zebur Chapter 116
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
  5. Eýýup Chapter 16
  6. Işaýa Chapter 30
  7. Danyýel Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *