Read Kanun taglymaty Chapter 27 Online
Read Kanun taglymaty Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Kanun taglymaty 27
Bap 27
1. Soňra Musa Ysraýylyň ýaşululary bilen halka şeýle tabşyryklar berdi: «Bu günki meniň size tabşyrýan ähli buýruklarymy berjaý ediň.
2. Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýurduna giren günüňiz, uly daşlary dikip, olara hek çalyň.
3. Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordany kesip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň.
4. Şeýlelikde, siz Iordandan geçeniňizde, meniň bu günki buýruşym ýaly, şol daşlary Eýbal dagynda dikip, olara hek çalyň.
5. Şol ýerde Hudaýyňyz Rebbe daşdan gurbanlyk sypasyny guruň, daşlary taýýarlanyňyzda demir gurallar ulanmaň.
6. Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan ýasalsyn. Soňra onuň üstünde Hudaýyňyz Rebbe ýakma gurbanlygyny beriň.
7. Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp, salamatlyk gurbanlygyny beriň, ony şol ýerde iýiň.
8. Bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň».
9. Soňra Musa we lewi ruhanylary: «Eý, ysraýyl halky, ümsüm bol we gulak goý! Hut şu gün siz Hudaýyňyz Rebbiň halky bolduňyz.
10. Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen size berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetiriň» diýip, ähli ysraýyllara ýüzlendiler.
11. Şol gün Musa ysraýyl halkyna şeýle tabşyryklar berdi:
12. «Iordan derýasyndan geçeniňizde, şimgon, lewi, ýahuda, ysakar, ýusup we benýamin tireleri alkyş sözleri aýtmak üçin Gerizim dagynyň öňünde dursunlar.
13. Ruben, gat, aşer, zebulun, dan we naftaly tireleri bolsa nälet sözleri okamak üçin Eýbal dagynyň öňünde dursunlar.
14. Şundan soň lewiler gaty ses bilen ähli ysraýyllara şuny jar etsinler:
15. „Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
16. „Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
17. „Goňşusynyň araçäk daşyny süýşürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
18. „Köri ýoldan azaşdyrana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
19. „Gelmişege, ýetime we dula höküm edilende, egrilik edene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
20. „Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
21. „Islendik haýwan bilen ýanaşana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
22. „Bir atadan ýa-da bir eneden bolan gyz dogany bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
23. „Öz gaýynenesi bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
24. „Gizlinlikde adam öldürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
25. „Nähak gan dökmek üçin para alana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
26. „Bu Kanunyň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin».
About Kanun taglymaty Chapter 27
Read Kanun taglymaty Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Kanun taglymaty
Chapter: 27
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Kanun taglymaty Chapter 27 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Kanun taglymaty Chapter 27?
Kanun taglymaty Chapter 27 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 27 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Kanun Taglymaty
- Kanun taglymaty Chapter 2
- Kanun taglymaty Chapter 3
- Kanun taglymaty Chapter 26
- Kanun taglymaty Chapter 17
- Kanun taglymaty Chapter 1
- Kanun taglymaty Chapter 28
- Kanun taglymaty Chapter 23
Explore More from Köne Äht
- Ýeşuwa Chapter 2
- Rut Chapter 4
- Rut Chapter 1
- Sepanýa Chapter 1
- Ester Chapter 9
- 2 patyşalar Chapter 3
- Wagyz kitaby Chapter 3