Read Resullaryň Işleri Chapter 17 Online
Read Resullaryň Işleri Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Resullaryň Işleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Resullaryň Işleri 17
Bap 17
1. Olar Amfipolisiň we Apolloniýanyň içinden geçip, Selanike geldiler. Ol ýerde ýehudylaryň bir sinagogasy bardy.
2. Pawlus öz endigine görä, olaryň arasyna bardy. Üç sabat olara Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berdi.
3. Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi. «Meniň size wagyz edýän bu Isam Mesihdir» diýdi.
4. Onsoň olaryň birnäçesi, dindar grekleriň uly topary we at-abraýly aýallaryň köpüsi ynanyp, Pawlus bilen Silasa goşuldylar.
5. Ýöne iman etmedik ýehudylar göripçilik etdiler, bazarda boş aýlanyp ýören ýaramaz adamlaryň birnäçesini ýanlaryna alyp, üýşmeleň gurap, şäherde topalaň turuzdylar. Ýasonuň öýüne hüjüm edip, Pawlus bilen Silasy halkyň öňüne çykarjak boldular.
6. Ýöne olary tapman, Ýason bilen birnäçe dogany şäher başlyklarynyň öňüne süýräp: «Bütin dünýäde topalaň turzan bu adamlar bu ýere hem geldiler.
7. Ýason olary öýüne myhman aldy. Bularyň ählisi başga biri, ýagny Isa patyşadyr diýip, kaýsaryň buýruklaryna ters hereket edýärler» diýip gygyrdylar.
8. Şeýdip, olary eşiden halky, şäheriň başlyklaryny howsala saldylar.
9. Ýöne Ýason bilen beýlekileri girew alyp boşatdylar.
10. Doganlar derrew şol gije Pawlus bilen Silasy Weriýa iberdiler. Pawlus bilen Silas Weriýa gelip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar.
11. Bu ýerdäkiler Salonikdäkilerden has asyllydy. «Bu zatlar şeýlemikä?» diýip, her gün Ýazgylary gözleşdirip, sözi bütin göwünjeňlik bilen kabul etdiler.
12. Şeýlelikde, olaryň köpüsi, at-abraýly grek aýallarynyň hem-de erkekleriniň birentegi iman etdi.
13. Ýöne Salonikdäki ýehudylar Hudaýyň sözüniň Pawlus tarapyndan Weriýada-da wagyz edileninden habarly bolanlarynda, bu ýere hem gelip, halaýygy howsala salyp öjükdirdiler.
14. Şeýlelikde, doganlar Pawlusy deňze tarap ýola saldylar, ýöne Silas bilen Timoteus ol ýerde galdy.
15. Pawlusa hemralyk edenler ony Afina eltip, Silas bilen Timoteusa tiz gelsinler diýen buýrugy alyp, yzlaryna gaýtdylar.
16. Pawlus Afinyda Silas bilen Timoteusa garaşyp ýörkä, şäheriň butlardan doludygyny görüp, onuň ýüregi awady.
17. Ol sinagogada ýehudylar, Hudaýdan gorkýan grekler hem-de her gün bazarda sataşan adamlary bilen gürrüň ederdi.
18. Epikurçy we stoik filosoflaryň käbirleri-de oňa garşy çykdylar. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol ýat taňrylaryň wagyzçysyna meňzeýär» diýýärdi. Sebäbi Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişi wagyz edýärdi.
19. Şeýlelikde, ony tutup, Ares depesi mejlisine getirdiler-de, şeýle diýdiler: «Seniň gürrüňini edýän bu täze taglymatyňyň nämedigini bilip bilerismi?
20. Çünki sen biziň gulagymyza käbir ýat zatlary getirýärsiň. Biz indi bu zatlaryň nämedigini bilmek isleýäris».
21. Ähli afinylylar hem ol ýerde ýaşaýan ýatlar täze zat sözlemekden we diňlemekden başga hiç bir zat bilen wagtlaryny ötürmeýärdiler.
22. Pawlus mejlisiň ortasynda durup şeýle diýdi: «Eý afinylylar! Men sizi her babatda gaty dindar görýärin.
23. Çünki aýlanyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirip ýörkäm, depesinde „Nätanyş Taňra" diýen ýazgyly bir gurbanlyk edilýän ýeri hem gördüm. Men, ine, tanaman, ybadat edýän bu zadyňyzy size wagyz edýärin.
24. Dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaý Ýeriň-gögüň Rebbi bolup, el bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaz.
25. Şeýle hem, hamala bir zada zar ýaly, Oňa adam eli bilen gulluk edip bolmaz, sebäbi hemmelere dirilik, dem we ähli zady Onuň özi berýär.
26. Ol adamlaryň ähli milletlerini bir gandan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzünde ýaşatdy.
27. Hudaýy agtararlar, Ony, belki-de, sermeläp taparlar diýip, olaryň wagtlaryny, mesgen tutjak ýerleriniň çäklerini öňünden belledi. Muňa garamazdan, Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir.
28. Çünki biz Onda ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys. Siziň şahyrlaryňyzyň käbiriniň aýdyşy ýaly, „Biz-de Onuň zürýadydyrys".
29. Biz indi Hudaýyň zürýadydygymyza görä, Hudaýyň tebigaty adam sungaty we hünäri bilen suratlandyrylan gyzyla, kümşe ýa-da daşa meňzeşdir öýtmeli däldiris.
30. Hudaý nadanlyk döwründen göz ýumup geçensoň, indi hemme ýerde adamlaryň ählisiniň toba etmegini buýurýar.
31. Çünki Hudaý bir güni belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar. Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi».
32. Ölümden direlmegi eşidenlerinde, kimsi güldi, kimsi hem: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdi.
33. Şeýlelikde, Pawlus olaryň arasyndan çykyp gitdi.
34. Ýöne käbir adamlar oňa goşulyp iman etdiler. Olaryň arasynda mejlis agzasy Dionisius, Damaris atly bir aýal we başgalar bardy.
About Resullaryň Işleri Chapter 17
Read Resullaryň Işleri Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Resullaryň Işleri
Chapter: 17
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Resullaryň Işleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Resullaryň Işleri Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Resullaryň Işleri Chapter 17?
Resullaryň Işleri Chapter 17 is part of the Book of Resullaryň Işleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Resullaryň Işleri Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from resullaryň-işleri
- Resullaryň Işleri Chapter 19
- Resullaryň Işleri Chapter 18
- Resullaryň Işleri Chapter 7
- Resullaryň Işleri Chapter 1
- Resullaryň Işleri Chapter 16
- Resullaryň Işleri Chapter 9
- Resullaryň Işleri Chapter 11
Explore More from Täze Äht
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 17
- Galatýalylara haty Chapter 5
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14
- Efeslilere haty Chapter 4
- 1 Korintoslylara haty Chapter 5
- Markusyň Hoş Habary Chapter 15
- Ýewreýlere haty Chapter 9