Filipililere haty Chapter 4

For English

Read Filipililere haty Chapter 4 Online

Read Filipililere haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Filipililere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Filipililere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Filipililere haty 4

Bap 4

1. Munuň üçin, eý, meniň küýseýän söýgüli doganlarym, guwanjym we başymyň täji, Rebde berk duruň, eý söýgüliler.

2. Men Ewodiýa we Sintihä ýalbarýaryn, Rebde pikirdeş bolsunlar.

3. Hawa, eý, çyn işdeşim, senden-de bu aýallara garaşyk etmegi haýyş edýärin, çünki bular meniň bilen, Klement we atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylan beýleki işdeşlerim bilen Hoş Habary ýaýratmak ugrunda göreşdiler.

4. Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn: şatlanyň.

5. Siziň ýumşaklygyňyz bütin ynsanlara belli bolsun. Rebbiň gelmeli wagty golaýdyr.

6. Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň.

7. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar.

8. Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň.

9. Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň, onsoň parahatlyk beren Hudaý siziň bilen bolar.

10. Ahyrsoňy, men hakdaky aladaňyzy täzeleýändigiňiz üçin, Rebde gaty şatlanýaryn. Aslyýetinde, aladalanýardyňyz, ýöne pursat ýokdy.

11. Bulary ýetmezçiligimiň barlygy zerarly diýmeýärin, çünki her hili ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim.

12. Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her hili ýagdaýda hem doklugyň, hem açlygyň, hem bolelin ýaşamagyň hem-de mätäçlikde bolmagyň syryny öwrendim.

13. Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn.

14. Ýöne siz meniň muşakgatlaryma şärik bolup gowy etdiňiz.

15. Hoş Habaryň ýaňy ýaýramaga başlan wagtlarynda, men Makedoniýadan ýola düşenimde, özüňizden başga hiç bir ýygnagyň alyş-beriş işinde maňa goşulmandygyny, eý filipililer, siz-de bilýänsiňiz.

16. Men Selanikdekäm hem siz bir-iki gezek hajatlarym üçin maňa kömegiňizi ýetirdiňiz.

17. Men sylag ugrunda däl, diňe siziň hasabyňyza köpeljek miweleri gözleýärin.

18. Ähli zadym bar, artygy bilen bar. Sizden gelen sowgatlary Epafroditden alanym üçin, kem zadym galmady. Bular: hoşboý ys, Hudaýyň halajak gurbanlary.

19. Meniň Hudaýym ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar.

20. Atamyz Hudaýa ebedilik şöhrat! Omyn.

21. Bütin mukaddeslere Mesih Isada salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýar.

22. Bütin mukaddesler, ylaýta-da, kaýsaryň içersi salam aýdýar.

23. Reb Mesihiň merhemeti siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.

About Filipililere haty Chapter 4

Read Filipililere haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Filipililere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Filipililere haty
Chapter: 4
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Filipililere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Filipililere haty Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Filipililere haty Chapter 4?

Filipililere haty Chapter 4 is part of the Book of Filipililere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Filipililere haty Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from filipililere-haty

  1. Filipililere haty Chapter 1
  2. Filipililere haty Chapter 3
  3. Filipililere haty Chapter 2

Explore More from Täze Äht

  1. 1 Selaniklilere haty Chapter 2
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 2
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 12
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 4
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 23

Related Chapters & Readings

  1. Lewiler kitaby Chapter 11
  2. 1 Timoteosa haty Chapter 6
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 17
  4. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
  5. Gelip çykyş Chapter 25
  6. 2 patyşalar Chapter 6
  7. Işaýa Chapter 19
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *