Resullaryň Işleri Chapter 5

For English

Read Resullaryň Işleri Chapter 5 Online

Read Resullaryň Işleri Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Resullaryň Işleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Resullaryň Işleri 5

Bap 5

1. Hananýa atly bir adam aýaly Safira bilen bir mülki satyp,

2. onuň bahasyndan bir bölegini özüne aldy we onuň diňe bir bölegini getirip, resullaryň öňünde goýdy. Onuň bu hilesinden aýalynyň-da habary bardy.

3. Petrus oňa şeýle diýdi: «Hananýa, şeýtanyň „Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň bir bölegini özüňe al" diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň?

4. Ol satylman galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi? Näme üçin bu zady ýüregiňe düwdüň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».

5. Hananýa bu sözleri eşidip, ýykyldy we jan berdi. Muny eşidenleriň barynyň üstüne uly gorky abandy.

6. Ýaşlar turup, ony kepene doladylar-da, äkidip jaýladylar.

7. Üç sagat çemesi geçenden soň, Hananýanyň bolan zatdan habarsyz aýaly içerik girdi.

8. Petrus oňa: «Maňa aýt, ýeri şunça satdyňyzmy?» diýdi. Ol hem: «Hawa, şunça» diýdi.

9. Petrus oňa şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synamak üçin dilleşdiňiz? Ine, seniň äriňi jaýlanlar gapyda dur, olar seni hem äkiderler».

10. Edil şol pursat aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýaşlar içeri girenlerinde, onuň ölendigini görüp, äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar.

11. Bütin ýygnak we bulary eşidenleriň barynyň üstüne uly gorky abandy.

12. Resullar il içinde köp alamatlar, gudratlar görkezýärdiler we hemmeler bir adam ýaly bolup, Süleýmanyň Eýwanynda bolardylar.

13. Beýlekilerden hiç kim olara birikmäge ýürek etmeýärdi, ýöne halk olary juda sylaýardy.

14. Ýene-de Rebbe iman eden köp adamlar, topar-topar erkekdir aýallar olara goşulýardy.

15. Şeýlelikde, Petrus geçende, hiç bolmanynda, onuň kölegesi syrkawlaryň biriniň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, düşek hem çarpaýa üstünde ýatyrýardylar.

16. Iýerusalimiň töweregindäki şäherlerden-de halaýyk ýygnanyşyp, syrkawlary, murdar ruh uranlary getirdiler, olaryň bary şypa tapdy.

17. Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndakylaryň ählisi, ýagny saddukeýler mezhebi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.

18. Olar resullara el urdular, olary halk tussaghanasyna saldylar.

19. Ýöne gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:

20. «Baryň, ybadathanada durup, halka bu täze ýaşaýşyň ähli sözlerini wagyz ediň» diýdi.

21. Resullar muny eşidenlerinde, säher bilen ybadathana baryp, sapak bermäge durdular. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, mejlisi we Ysraýyl ogullarynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar; onsoň resullary getirmäge tussaghana adam ýolladylar.

22. Emma gullukçylar olary zyndandan tapman, gelip:

23. «Tussaghananyň mäkäm ýapykdygyny, garawullaryň hem gapylaryň agzynda duranyny gördük, ýöne açanymyzda içerden hiç kimi tapmadyk» diýip habar berdiler.

24. Ybadathananyň serkerdesi, baş ruhanylar bu sözleri eşidenlerinde: «Bu näme boldugyka?» diýşip, aljyraňňy ýagdaýa düşdüler.

25. Emma biri gelip, olara: «Ine, zyndana salan adamlaryňyz ybadathanada halka sapak berip dur» diýip habar berdi.

26. Şeýlelikde, gullukçylar bilen gidip, serkerde olary güýç ulanmazdan getirdi, çünki olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar.

27. Olary getirip, mejlisiň öňünde duruzdylar. Baş ruhany olary soraga çekip:

28. «Şu at bilen sapak bermäň diýip, biz size berk tabşyryk berdik, emma siz öz taglymatyňyz bilen Iýerusalimi doldurdyňyz, bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.

29. Petrusdyr resullar gaýtargy berip, şeýle diýdiler: «Adama garanda, Hudaýa boýun bolmak artykmaç bolmalydyr.

30. Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň agaçdan asyp öldüren Isaňyzy direltdi.

31. Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Başlyk hem Halasgär edip, Öz sagyna galdyrdy.

32. Biz bu babatda Oňa şaýatdyrys; Hudaýyň Özüne boýun bolanlara beren Mukaddes Ruhy hem bu babatda Oňa şaýatdyr».

33. Muny eşidenler gahar-gazaba münüp, olary öldürmegiň küýüne düşdüler.

34. Ine, şonda mejlisde Mukaddes Kanun mugallymy we bütin halk ýanynda hormatlanýan Gamaliýel atly bir fariseý turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy.

35. Soňra ol şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl adamlary! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň.

36. Sebäbi bu günlerden ozal özüni uly adam saýýan Teudas çykdy, dört ýüze golaý adam onuň yzyna düşüpdi. Ol öldürildi, yzyna eýerenleriň hemmesi hem dagap gitdi.

37. Mundan soň ilat ýazuwy günlerinde jelileli Iuda çykyp, köp adamy öz yzyna düşürse-de, heläk bolup, yzyna eýerenleriň bary dagady.

38. Indi, bu adamlardan el çekiň, olary goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda öz-özünden ýok bolup gider.

39. Eger Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz, tersine, Hudaýyň garşysyna söweşýänler bolup çykaýmaň». Ine, şonda olar onuň bilen ylalaşdylar.

40. Ýöne resullary çagyryp, ýençdirdiler. Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.

41. Resullar mejlisiň öňünden şadyýan gitdiler, çünki Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolupdylar.

42. Olar her gün ybadathanada we öýden-öýe sapak bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler.

About Resullaryň Işleri Chapter 5

Read Resullaryň Işleri Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Resullaryň Işleri
Chapter: 5
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Resullaryň Işleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Resullaryň Işleri Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Resullaryň Işleri Chapter 5?

Resullaryň Işleri Chapter 5 is part of the Book of Resullaryň Işleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Resullaryň Işleri Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from resullaryň-işleri

  1. Resullaryň Işleri Chapter 26
  2. Resullaryň Işleri Chapter 23
  3. Resullaryň Işleri Chapter 20
  4. Resullaryň Işleri Chapter 18
  5. Resullaryň Işleri Chapter 17
  6. Resullaryň Işleri Chapter 27
  7. Resullaryň Işleri Chapter 25

Explore More from Täze Äht

  1. Markusyň Hoş Habary Chapter 9
  2. Resullaryň Işleri Chapter 9
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 12
  4. Resullaryň Işleri Chapter 8
  5. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
  6. Resullaryň Işleri Chapter 22
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 14

Related Chapters & Readings

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 5
  2. Çölde Chapter 36
  3. Ýermeýa Chapter 49
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  5. Zebur Chapter 108
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 4
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *