Resullaryň Işleri Chapter 14

For English

Read Resullaryň Işleri Chapter 14 Online

Read Resullaryň Işleri Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Resullaryň Işleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Resullaryň Işleri 14

Bap 14

1. Konýada bilelikde ýehudylaryň sinagogasyna bardylar; olaryň gürrüň berişi hem ýehudylardan, hem greklerden uly toparyň iman getirmegine sebäp boldy.

2. Ýöne iman etmedik ýehudylar özge milletleri küşgürip, olaryň aňyny doganlara garşy garaladylar.

3. Esli wagt ol ýerde bolan Pawlus bilen Barnabas Reb üçin gaýratly wagyz edýärdiler. Reb hem olaryň elleri bilen alamatlar, gudratlar görkezip, Öz merhemeti baradaky söz üçin güwä geçýärdi.

4. Şäher halky iki bölünip, bir bölegi ýehudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.

5. Ýöne milletler hem-de ýehudylar we olaryň başlyklary tarapyndan resullary ryswa etmek, daşlamak üçin bir hüjüm ýüze çykanda,

6. mundan habarly bolan resullar Likaoniýanyň şäherleri bolan Listra, Derbä we şol etraplara gaçyp baryp,

7. ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler.

8. Listrada aýaklary ysgynsyz bir adam ýaşaýardy, ol eneden dogma otura bolup, hiç wagt ýöremändi.

9. Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňledi; Pawlus hem oňa göz dikdi, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny görüp,

10. gaty ses bilen: «Aýagyň üstünde dik dur!» diýdi. Ol hem ýokary towsup, ýöräp başlady.

11. Halaýyk Pawlusyň eden işini görende seslerini gataldyp, likaoniýa dilinde: «Taňrylar ynsan keşbine girip, biziň ýanymyza inipdir!» diýişdiler.

12. Barnabasa Zews, Pawlusa-da söz sözleýän bolany üçin Hermes diýdiler.

13. Şäheriň daşynda ýerleşen Zews ybadathanasynyň ruhanysy derwezeleriň agzyna öküzler, wenoklar getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy.

14. Emma resullar, ýagny Barnabas, Pawlus muny eşidenlerinde, öz egin-eşiklerini ýyrtyp, halkyň ortasyna zyňyldylar, gygyryp, şeýle diýdiler:

15. «Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz-de duýgulary size meňzeş ynsanlardyrys we sizi bu boş zatlardan dönüp, Gögi, Ýeri, deňzi we olaryň içindäki ähli zatlary ýaradan diri Hudaýa tarap öwrülmäge çagyrýarys.

16. Ol geçen nesillerde bütin milletlere öz ýollary bilen ýöremäge rugsat etdi.

17. Muňa garamazdan, ýagşylyk etmek, size Gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler bermek, ýüregiňizi iýmit hem şatlykdan doldurmak bilen, Özüni güwäsiz goýmady».

18. Bu sözler bilen halky özlerine gurban kesmekden zordan dändirdiler. Hemmesini öz öýüne iberdiler. Olar ol ýerde galyp, ders berip ýörkäler,

19. Antakiýadan, Konýadan ýehudylar geldi; olar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar, ony ölendir öýdüp, şäherden daşary süýrediler.

20. Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ör turup, şähere gaýtdy. Şol günüň ertesi hem Barnabas bilen Derbä tarap ýola düşdi.

21. Olar bu şähere Hoş Habary wagyz edip, köpleri şägirt edenlerinden soň, Listra, Konýa we Antakiýa gaýdyp geldiler.

22. Şägirtleriň janlaryna kuwwat berip, olara imanda berk durmagy ündäp: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýýärdiler.

23. Pawlus bilen Barnabas her ýygnakda olara ýolbaşçylar saýlap, orazaly doga edip, olary iman eden Reblerine tabşyrdylar.

24. Onsoň Pisidiýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler.

25. Pergada Rebbiň sözüni wagyz edip, Attaliýa indiler.

26. Ol ýerden hem öz bitiren işleri üçin Hudaýyň merhemetine tabşyrylan ýerleri bolan Antakiýa gämili gaýtdylar.

27. Gelip, ýygnagy üýşürdiler, Hudaýyň özleri arkaly ähli edenlerini, ýehudy dällere iman gapysyny açanyny gürrüň berdiler,

28. köp wagtlap şägirtleriň ýanynda boldular.

About Resullaryň Işleri Chapter 14

Read Resullaryň Işleri Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Resullaryň Işleri
Chapter: 14
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Resullaryň Işleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Resullaryň Işleri Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Resullaryň Işleri Chapter 14?

Resullaryň Işleri Chapter 14 is part of the Book of Resullaryň Işleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Resullaryň Işleri Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from resullaryň-işleri

  1. Resullaryň Işleri Chapter 18
  2. Resullaryň Işleri Chapter 17
  3. Resullaryň Işleri Chapter 26
  4. Resullaryň Işleri Chapter 20
  5. Resullaryň Işleri Chapter 13
  6. Resullaryň Işleri Chapter 10
  7. Resullaryň Işleri Chapter 25

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 3
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 8
  3. Resullaryň Işleri Chapter 23
  4. Galatýalylara haty Chapter 4
  5. Efeslilere haty Chapter 2
  6. 1 Selaniklilere haty Chapter 4
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 14

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 57
  2. Lewiler kitaby Chapter 25
  3. Kanun taglymaty Chapter 1
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 20
  5. Zebur Chapter 97
  6. Gelip çykyş Chapter 39
  7. Müsürden çykyş Chapter 14
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *