Read Kanun taglymaty Chapter 14 Online
Read Kanun taglymaty Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Kanun taglymaty 14
Bap 14
1. «Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň.
2. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden sizi saýlady».
3. «Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz.
4. Siz ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi,
5. keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy.
6. Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz.
7. Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr.
8. Şeýle hem doňuz, hatda onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.
9. Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz.
10. Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr.
11. Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz.
12. Emma ine şu guşlaryň etini iýmeli dälsiňiz: bürgüdiň, garaguşuň, deňiz bürgüdiniň,
13. gyrgynyň, çaýçaňňalagyň, laçynyň hiç bir görnüşini;
14. garganyň hiç bir görnüşini;
15. düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň hiç bir görnüşini;
16. baýguşuň, ibisiň, guwuň;
17. gotanyň, dazzarkeliň, jüptüniň;
18. leglegiň, hokgaryň hiç bir görnüşini, hüýpüýpigi we ýarganaty iýmeli dälsiňiz.
19. Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz.
20. Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz.
21. Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
22. «Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup,
23. dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz.
24. Emma Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden uzak bolup, Hudaýyňyz Rebbiň size bereket beren zatlarynyň ondan bir paýyny uzak ýoldan getirmeli bolsaňyz,
25. onda bu zatlary satyp, pula öwrüň. Puly alyň-da, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine gidiň.
26. Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, meý ýa-da şerap – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň.
27. Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur.
28. Her üçünji ýylyň ahyrynda ýeriňizden önýän önümlerden şol ýyl üçin tutuş ondan birini beriň we olary galalaryňyzda ýygnap goýuň.
29. Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer».
About Kanun taglymaty Chapter 14
Read Kanun taglymaty Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Kanun taglymaty
Chapter: 14
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Kanun taglymaty Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Kanun taglymaty Chapter 14?
Kanun taglymaty Chapter 14 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Kanun Taglymaty
- Kanun taglymaty Chapter 3
- Kanun taglymaty Chapter 26
- Kanun taglymaty Chapter 2
- Kanun taglymaty Chapter 17
- Kanun taglymaty Chapter 28
- Kanun taglymaty Chapter 1
- Kanun taglymaty Chapter 23
Explore More from Köne Äht
- Işaýa Chapter 49
- Malaky Chapter 2
- Kanun taglymaty Chapter 32
- Hoşeýa Chapter 13
- Işaýa Chapter 13
- Ezekiýel Chapter 20
- 2 Şamuwel Chapter 7