Read 2 patyşalar Chapter 16 Online
Read 2 patyşalar Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 patyşalar and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 patyşalar 16
Bap 16
1. Remalýanyň ogly Pekanyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ýotamyň ogly Ahaz Ýahuda patyşa boldy.
2. Ahaz patyşa bolan mahaly ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawudyň yzyna eýermän, öz Hudaýy Rebbiň nazarynda nädogry işleri etdi.
3. Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi.
4. Ol sežde edilýän ýerlerde we her bir uly kölegeli agajyň astynda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
5. Şol wagt Aram patyşasy Resin bilen Ysraýyl patyşasy Remalýanyň ogly Peka Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Emma şonda-da ony ýeňip bilmediler.
6. Şol döwürde Aram patyşasy Resin Eýlaty aram halkyna gaýtaryp berdi we ýahudalary Eýlatdan kowup çykardy. Edomlylar Eýlata geldiler we olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.
7. Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Aram patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi.
8. Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi.
9. Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi.
10. Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi.
11. Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy.
12. Ahaz patyşa Damaskdan gelip, gurbanlyk sypasyny gördi. Ol gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelip, onuň üstünde öz ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny hödür etdi, içgi sadakasyny dökdi, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpdi.
14. Ahaz patyşa Rebbiň huzuryndaky öýüň öň tarapynda, öz gurbanlyk sypasy bilen Rebbiň öýüniň arasynda duran bürünçden ýasalan gurbanlyk sypasyny aýryp, ony öz gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda goýdy.
15. Ahaz patyşa Uryýa ruhana şeýle tabşyryk berdi: «Ertiriň ýakma gurbanlygyny, agşamyň galla sadakasyny, patyşanyň ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýurduň tutuş ilatynyň ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, içgi sadakalaryny şu uly gurbanlyk sypasynyň üstünde ber we ýakma gurbanlygynyň hem-de gurbanlyklaryň ganlaryny gurbanlyk sypasyna tarap sep. Emma bürünç gurbanlyk sypasyny meniň maslahat soramagym üçin ulanmaga goýuň».
16. Uryýa ruhany-da Ahaz patyşanyň tabşyran zatlarynyň baryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi.
17. Onsoň Ahaz patyşa arabalaryň gapdallaryny kesip, olaryň üstündäki legeni aýyrdy. Ol howzy aşagyndaky bürünç öküzleriň üstünden aýryp, ony bir daş sekiniň üstünde goýdy.
18. Ahaz Sabat güni üçin ulanylýan Rebbiň öýündäky gurlan bassyrmany we patyşa üçin niýetlenen daşky girelgäni aýyrdy. Ol muny Aşur patyşasynyň göwnünden turmak üçin şeýle etdi.
19. Ahazyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
20. Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy
About 2 patyşalar Chapter 16
Read 2 patyşalar Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 patyşalar
Chapter: 16
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
- 📱 Hindi Android Bible App
- 📱 Hindi Christian Songs from waytochurch
- 📖 Read on Malayalam Christian Songs – madely
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 patyşalar Chapter 16 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 patyşalar Chapter 16?
2 patyşalar Chapter 16 is part of the Book of 2 patyşalar in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 patyşalar Chapter 16 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-patyşalar
- 2 patyşalar Chapter 1
- 2 patyşalar Chapter 13
- 2 patyşalar Chapter 14
- 2 patyşalar Chapter 11
- 2 patyşalar Chapter 8
- 2 patyşalar Chapter 17
- 2 patyşalar Chapter 15
Explore More from Köne Äht
- Gelip çykyş Chapter 18
- Müsürden çykyş Chapter 35
- Zebur Chapter 75
- Danyýel Chapter 1
- Nehemýa Chapter 11
- Ýermeýa Chapter 44
- Gelip çykyş Chapter 27