Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 26 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 26
Bap 26
1. Tomusda gar we orak döwründe ýagyn ýaly, akmaga hem hormat ýaraşýan däldir.
2. Serçäniň eýläk-beýläk uçuşy ýaly, garlawajyň uçup gidişi kimin, sebäpsiz näletem täsir etmez.
3. Ata gamçy, eşege nogta, akmagyň ýagyrnysyna-da taýak ýaraşýandyr.
4. Akylsyzyň akmaklygyna görä jogap berme, ýogsa senem oňa meňzärsiň.
5. Akylsyza akmaklygyna görä jogap ber, ýogsa özüni akylly saýar.
6. Akmagyň üsti bilen habar ýollaýan özüne zyýan eder hem azap çeker.
7. Ysmazyň aýagy nähili salparýan bolsa, akmagyň agzyndaky pähim hem şeýledir.
8. Daşy sapana berk daňyp goýan adam nähili bolsa, akmaga hormat goýýan-da şeýledir.
9. Serhoşuň eline batan tiken nähili bolsa, pähim-de akmagyň agzynda şeýledir.
10. Duş geleni ýaralaýan kemançy nähili bolsa, akmagy, bir ötegçini hakyna tutýan hem şeýledir.
11. Öz gusugyna öwrülip gelýän it nähili bolsa, akmaklygyny gaýtalaýan akmak hem şeýledir.
12. Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
13. Ýalta: «Köçede arslan, ýolda ýolbars bar» diýýändir.
14. Gapy öz petlelerinde nähili aýlanýan bolsa, ýalta-da öz düşeginde şeýledir.
15. Ýalta elini tabaga uzadyp, ony agzyna ýetirmäge ýadaýandyr.
16. Ýalta öz gözüne sagdyn pikirli jogap berýän ýedi kişiden-de akyllydyr.
17. Özüne degişli bolmadyk dawa goşulýan geçip barýan itiň gulagyndan tutýan adam ýalydyr.
18. Öz ýakynyny aldap: «Men oýun edýän ahyryn» diýýän adam gor, ok we ölüm ýagdyrýan kişi ýalydyr.
20. Odun gutaranda, ot sönýändir, şugulçynyň ýok ýerinde dawa tükenýändir.
21. Kömür köz üçin, odun ot üçin, jenjelçi dawa tutaşdyrmak üçin gerek.
22. Gybatkeşiň sözleri datly lukma kimindir, olar hut içiňe siňýändir.
23. Süýji dilli hem ýaman ýürekli adam kümüş suwy çaýylan toýun gap ýalydyr.
24. Ýigrenjini dili bilen örtýändir, göwnünde bolsa hile saklaýandyr,
25. onuň mylaýym gepleýşine ynanma, çünki ýüreginde ýedi ýigrenç bardyr.
26. Ýigrenjini hile bilen örtse-de, ýamanlygy jemagata aýan bolýandyr.
27. Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.
28. Ýalançy dil ynjydýan adamlaryny ýigrenýändir, ýaranjaňlyk edýän dil heläkçilik döredýändir.
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 26
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 26
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 26 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 26?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 26 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 26 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 24
- Zebur Chapter 20
- Zebur Chapter 4
Explore More from suleymanin-pahemleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 12
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 7
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 11
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 28
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 1
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 2
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 10