Ýahýa gelen ylham Chapter 8

For English

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 8 Online

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýa gelen ylham and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýahýa gelen ylham 8

Bap 8

1. Guzy ýedinji möhüri açanda, Gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.

2. Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.

3. Başga bir perişde gelip, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde durdy. Onuň elinde altyn buhurdan bardy. Oňa tagtyň öňündäki altyn gurbanlyk edilýän ýerde ähli mukaddesleriň dogalary bilen hödürlemegi üçin köp buhur berildi.

4. Mukaddesleriň dogalary bilen birlikde buhuryň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna ýokary göterildi.

5. Perişde buhurdany alyp, gurbanlyk edilýän ýeriň odundan doldurdy. Muny ýeriň ýüzüne zyňanda, Gök gürläp, batly sesler çykdy, ýyldyrymlar çakyp, ýer titredi.

6. Onsoň ýedi perişde ellerindäki ýedi surnaýy çalmaga taýýarlandylar.

7. Birinji perişde surnaý çaldy. Gan gatyşyk doly hem ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, bütin ýaşyl ot ýandy.

8. Ikinji perişde surnaý çaldy. Oduň içinde ýanýan uly dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň üçden biri gana döndi.

9. Deňizde ýaşaýan janly mahluklaryň üçden biri öldi, gämileriň hem üçden biri weýran boldy.

10. Üçünji perişde surnaý çaldy. Gökden çyra ýaly ýanýan bir uly ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw bulaklarynyň üstüne gaçdy.

11. Bu ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ýowşan ýaly ajady. Ajan suwlardan içen birtopar adam öldi.

12. Dördünji perişde surnaý çaldy. Günüň üçden biri, Aýyň üçden biri, ýyldyzlaryň üçden biri garalsyn we gündiz üçden biri, gije-de, şonuň ýaly, üçden biri ýagty salmasyn diýip uruldylar.

13. Onsoň seretdim, Gögüň ortasynda uçup ýören bir perişdäniň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý, waý, waý!»

About Ýahýa gelen ylham Chapter 8

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahýa gelen ylham
Chapter: 8
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýa gelen ylham. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahýa gelen ylham Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahýa gelen ylham Chapter 8?

Ýahýa gelen ylham Chapter 8 is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahýa gelen ylham Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 8
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 1

Explore More from ýahýa-gelen-ylham

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 14
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 11
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 12
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 4
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 17
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 13
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 30
  2. Zakarýa Chapter 9
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 9
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 6
  5. 2 Şamuwel Chapter 13
  6. Ýeşuwa Chapter 17
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 13
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *