Read Işaýa Chapter 40 Online
Read Işaýa Chapter 40 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 40
Bap 40
1. Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.
2. Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.
3. Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin şaýol açyň.
4. Ähli dereler beýgeldiler, ähli daglar we depeler peseldiler, bitekiz ýerler tekizlener, beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler.
5. Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».
6. «Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir.
7. Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdur.
8. Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.
9. Eý, Siýon, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.
10. Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky Öňündedir.
11. Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.
12. Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim?
13. Rebbiň ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?
14. Akyl üçin Ol kimden maslahat sorady? Adalat ýoluny Oňa öwreden kim? Oňa bilim berip, paýhas ýoluny görkezen kim?
15. Ine, milletler ýagyş damjasy kimin, terezilerdäki toz kimin saýylýar, Ol adalary toz deýin äkidýär.
16. Liwan jeňňeliniň oduny ýeterlik bolmaz, mallary ýakma gurbanlyga azlyk edýär.
17. Ähli milletler Onuň öňünde hiç zatdyr, olary hiç zat hasaplap, boşlukdan-da pes saýýar.
18. Onda, Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?
19. Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar.
20. Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi, bir çüýremez agajy saýlaýar. Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup, ökde ussanyň gözlegine çykýar.
21. Bilmeýärmisiňiz? Eşitmediňizmi? Size başdan aýdylmadymy? Dünýä ýaradylany bäri düşünmediňizmi?
22. Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.
23. Şazadalary hiç edýän, dünýäniň hökümdarlaryny puja çykarýan Oldur.
24. Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.
25. «Meni kime meňzedersiňiz? Kim Maňa taý geler?» Muny Mukaddes Bolan diýýär.
26. Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.
27. Näme üçin, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl: «Ýolum Rebbe aýan däldir, Hudaý hakyma dykgat bermedi» diýýärsiňiz?
28. Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb—ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.
29. Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,
30. Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.
31. Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.
About Işaýa Chapter 40
Read Işaýa Chapter 40 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 40
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 40 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 40?
Işaýa Chapter 40 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 40 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 1
- Isaya Chapter 6
- Isaya Chapter 2
- Isaya Chapter 3
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 7
- Isaya Chapter 16
Explore More from Köne Äht
- Işaýa Chapter 7
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 10
- Lewiler kitaby Chapter 6
- Işaýa Chapter 27
- Eýýup Chapter 36
- 2 patyşalar Chapter 16
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27