Işaýa Chapter 66

For English

Read Işaýa Chapter 66 Online

Read Işaýa Chapter 66 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 66

Bap 66

1. Reb şeýle diýýär: «Gök Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!

2. Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn. Muny Reb diýýär.

3. Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän, adam öldüren bilen deňdir, guzy gurban eden, itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beren bilen, doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tüteden buta sežde eden ýalydyr.

4. Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».

5. Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!" diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».

6. Şäherden galmagally sesli, ybadathanadan bir ses eşidilýär! Duşmanlarynyň jezasyny berýän Rebbiň sesidir bu!

7. «Burgusyz dogurdy, bir ogul dogurdy azap çekmän.

8. Şeýle zady eşiden barmy? Gören barmy şeýle zady? Ýurt bir günde doglarmy? Bir demde dünýä inermi millet? Emma Siýon burgusy tutan dessine ogullaryny dogurdy.

9. Men dogurma pursatyna ýetibem, dogurtmaýynmy?» diýýär Reb. Hudaýyň: «Dogurmaga güýç berýän Men ýatgyny ýaparynmy?» diýýär.

10. Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.

11. Onuň göwsünden emip, doýarsyňyz, teselli taparsyňyz; ganyp-ganyp içip, doly göwsünden lezzet alarsyňyz.

12. Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.

13. Enäniň çagasyna teselli berşi dek, Menem size teselli bererin. Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz».

14. Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.

15. Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.

16. Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.

17. Baglara girmek üçin özlerini mukaddes edip, tämizlenenler, doňuz etini, nejis zatlary, syçan etini iýýänleriň ortasynda duranyň yzyna eýerýänler bilelikde ýok bolarlar. Muny Reb diýýär.

18. Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.

19. Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşişe, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.

20. Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma—Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.

21. Olaryň arasyndan birnäçesini ruhany we lewi edip saýlaryn».

22. «Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar.

23. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler» diýýär Reb.

24. Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.

About Işaýa Chapter 66

Read Işaýa Chapter 66 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 66
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 66 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 66?

Işaýa Chapter 66 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 66 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 28
  3. Isaya Chapter 13
  4. Isaya Chapter 26
  5. Isaya Chapter 25
  6. Isaya Chapter 1
  7. Isaya Chapter 34

Explore More from Köne Äht

  1. Çölde Chapter 29
  2. Işaýa Chapter 16
  3. Zebur Chapter 66
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 14
  5. 1 Şamuwel Chapter 2
  6. Kanun taglymaty Chapter 12
  7. Zebur Chapter 112

Related Chapters & Readings

  1. 1 Şamuwel Chapter 17
  2. Wagyz kitaby Chapter 3
  3. 1 Selaniklilere haty Chapter 4
  4. Müsürden çykyş Chapter 21
  5. 2 patyşalar Chapter 15
  6. Hoşeýa Chapter 8
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 15
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *