Süleýmanyň pähimleri Chapter 3

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 3 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Süleýmanyň pähimleri 3

Bap 3

1. Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.

2. Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar, abadanlygyňy köpelder.

3. Wepaly söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.

4. Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň.

5. Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.

6. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.

7. Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.

8. Şonda seniň janyňa sagdynlyk, bedeniňe şypa berler.

9. Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.

10. Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar.

11. Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma.

12. Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.

13. Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.

14. Çünki onuň girdejisi kümüşden, peýdasy altyndan artykdyr.

15. Danalyk jöwherden gymmat, hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.

16. Uzak ömür onuň sag elinde, baýlyk hem şöhrat sol elinde.

17. Onuň ýollary ýakymly ýoldur, barça ýodalary hem salamatlykdyr.

18. Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.

19. Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.

20. Onuň biliminden çuňluklar böwsüldi, bulutlar çygyny pürkdi.

21. Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla, gözüňden salma.

22. Şeýle etseň, olar janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar.

23. Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň.

24. Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.

25. Duýdansyz gelýän howpdan, ýaramazlaryň başyna inen weýrançylykdan gorkma.

26. Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.

27. Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.

28. Eliňde barka, ýakynyňa: «Git, soň gel, ertir bererin» diýme.

29. Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy ýaman niýet etme.

30. Ýamanlyk etmedik adam bilen nähak jedelleşme.

31. Zalyma gözüň gitmesin, onuň ýollaryny saýlama.

32. Reb azgyn adamlary ýigrenýär, Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.

33. Reb ýaramazlaryň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.

34. Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr, kiçigöwünli adamlara rehim edýändir.

35. Akyllylar şöhrata eýe bolarlar, akmaklar bolsa uýada galarlar. ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 3

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 3?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 3 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from süleýmanyň-pähimleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 15
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 10
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 20
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 27
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 18
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 17
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 8

Related Chapters & Readings

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 5
  2. Kanun taglymaty Chapter 27
  3. Ýeşuwa Chapter 16
  4. Efeslilere haty Chapter 6
  5. Müsürden çykyş Chapter 3
  6. Zebur Chapter 117
  7. Ester Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *