Ýermeýa Chapter 7

For English

Read Ýermeýa Chapter 7 Online

Read Ýermeýa Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýa 7

Bap 7

1. Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:

2. «Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“.

3. Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýollaryňyzy hem işleriňizi düzediň, şonda Men sizi bu ýerde ýaşadaryn.

4. ‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.

5. Eger ýollaryňyzdyr işleriňizi çyndan düzetseňiz, biri-biriňize hakykatdan hem adalatly garasaňyz,

6. gelmişege, ýetim bilen dul hatyna zulum etmeseňiz, bu ýerde nähak gan dökmeseňiz, özüňize zyýan ýetirýän başga hudaýlaryň yzyna düşmeseňiz,

7. onda Men sizi bu ýerde, owaldan ata-babalaryňyza baky hem ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn.

8. Ine, siz dereksiz ýalan sözlere bil baglaýarsyňyz.

9. Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz.

10. Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi?

11. Meniň adym dakylan bu öý siziň üçin garakçylaryň sürenine öwrüldimi? Emma Men näme edýäniňizi görýärin. Muny Reb aýdýar.

12. Indi Şilodaky ilkinji gezek adymy dakan ýerime gidiň we ysraýyl halkymyň pisligi üçin, oňa näme edendigimi görüň.

13. Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb diýýär. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.

14. Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin.

15. Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.

16. Eý, Ýermeýa, sen bu halk üçin dileg etme, olar üçin perýat etme, ýalbarma, huzurymda olara töwellaçy bolma, barybir Men seni diňlemerin.

17. Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändiklerini görmeýärsiňmi?

18. Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.

19. Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýaryn.

20. Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.

21. Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýakma gurbanlygyňyzy beýleki sadakalaryňyza goşup, ikisiniň hem etini iýiberiň.

22. Çünki Men ata-babalaryňyzy Müsürden çykaryp getirenimde, olara ýakma gurbanlygy bilen beýleki gurbanlyklar hakda hiç zat aýtmandym ýa-da buýruk bermändim.

23. Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.

24. Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler.

25. Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden tä şu güne çenli Men siziň ýanyňyza gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini her gün yzly-yzyna iberdim.

26. Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.

27. Sen olara şu sözleriň baryny aýdarsyň, emma olar seni-de diňlemezler. Sen olary çagyrarsyň, emma olar jogap bermezler.

28. Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.

29. Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.

30. Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Reb aýdýar. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler.

31. Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.

32. Şonuň üçin hem şeýle günler geler, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.

33. Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.

34. Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin.“»

About Ýermeýa Chapter 7

Read Ýermeýa Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýa
Chapter: 7
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýa Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýa Chapter 7?

Ýermeýa Chapter 7 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ýermeýa

  1. Ýermeýa Chapter 4
  2. Ýermeýa Chapter 32
  3. Ýermeýa Chapter 35
  4. Ýermeýa Chapter 20
  5. Ýermeýa Chapter 2
  6. Ýermeýa Chapter 9
  7. Ýermeýa Chapter 13

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 21
  2. Çölde Chapter 13
  3. Işaýa Chapter 58
  4. Zebur Chapter 17
  5. Ester Chapter 9
  6. Ýunus Chapter 1
  7. Zebur Chapter 37
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *