Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17 Online
Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýahýanyň Hoş Habary 17
Bap 17
1. Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, pursat geldi, Ogluň-da Seni şöhratlandyrar ýaly, Ony şöhratlandyr.
2. Çünki Seniň Oňa berenleriňiň ählisine ebedi ýaşaýyş bersin diýip, Sen Ogla bütin adamzat üstünden häkimiýet berdiň.
3. Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr.
4. Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni Ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.
5. Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda Maňa bolan şöhrat bilen indi Meni huzuryňda şöhratlandyr.
6. Men dünýäden Maňa beren Öz adamlaryňa Seniň adyňy tanatdym. Olar Seniňkidir, olary Maňa Sen berdiň, olar Seniň sözüňi tutdular.
7. Indi olar Maňa beren ähli zatlaryňyň Sendendigini bilýärler.
8. Çünki Maňa tabşyran sözleriňi olara ýetirdim. Olar kabul etdiler, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.
9. Olar üçin ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.
10. Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym.
11. Indi Men bu dünýäde däl, ýöne olar entek dünýäde. Men Saňa gaýdyp barýaryn. Eý Mukaddes Ata, Maňa berenleriňi Öz adyň bilen gora, olar-da biziň ýaly bolsunlar.
12. Men olar bilen bile bolan wagtym Maňa berenleriňi Seniň adyň bilen gorap sakladym. Ýazgy berjaý bolar ýaly, heläkçilik oglundan başga olaryň hiç biri heläk bolmady.
13. Men indi Saňa barýaryn. Men bu zatlary dünýädekäm şatlygym olarda doly bolsun diýip aýdýaryn.
14. Men olara Seniň sözüňi berdim, dünýä olary ýigrendi, çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.
15. Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin.
16. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.
17. Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr.
18. Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men-de olary dünýä iberdim.
19. Men Özümi olar üçin niýetleýärin, olar-da hakykat bilen mukaddes bolsun.
20. Men diňe olar üçin däl, eýsem, olaryň sözi bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin.
21. Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar-da bizde bolsun, şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman eder.
22. Maňa beren şöhratyňy Men-de olara berdim, biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.
23. Men olarda we Sen Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütinleý birlikde bolsun.
24. Eý adyl Ata, Seniň Maňa berenleriň-de, bolan ýerimde Meniň bilen bile bolup, Maňa beren şöhratyňy görmeklerini isleýärin, çünki Sen Meni dünýä döremezden öň söýüpdiň.
25. Eý dogry Ata, dünýä Seni tanamady, emma Men Seni tanadym, bular hem Meni Seniň iberendigiňi bildiler.
26. Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun, Men-de olarda bolaýyn diýip, adyňy olara bildirdim we bildirerin».
About Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17
Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýahýanyň Hoş Habary
Chapter: 17
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17?
Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17 is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Täze Äht
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 5
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 6
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 7
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
Explore More from yahyanin-hos-habary
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 1
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 19
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 21
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 12
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 6
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 16