Süleýmanyň pähimleri Chapter 19

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 19 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Süleýmanyň pähimleri 19

Bap 19

1. Egri dilli akmakdan, sadyklykda gezýän garyp gowudyr.

2. Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir, Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.

3. Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.

4. Baýlyk tanyşlary beter köpeldýär, garyp bolsa öz ýakynyndanam aýrylýar.

5. Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýänem gaçyp gutulmaz.

6. Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp, hemmeler eli açyga dost.

7. Garyby hemme doganlary ýigrenýän bolsa, dostlary ondanam beter terk edýär, ýalbaryp yzyndan ylgasa, olar eýýäm ýokdur.

8. Pähim-paýhas gazanýan özüni söýýär, düşünjeliligi saklaýan bolsa rowaçlyk tapýar.

9. Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýän hem heläk bolar.

10. Akmaga aýşy-eşretde ýaşamagyň gelişmeýşi ýaly, gula hem begiň üstünden höküm sürmek has beter gelişýän däldir.

11. Paýhasly adam giň göwünli bolar, ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.

12. Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.

13. Akmak ogul atasyna beladyr, aýalyň igenji üznüksiz damja ýalydyr.

14. Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.

15. Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar, ýalta adam açlyk çekýär.

16. Hudaýyň buýrugyny amal edýän öz janyny goraýar, ýollaryna üns bermeýän bolsa öler.

17. Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.

18. Umyt barka ogluňa temmi ber, ýöne gaharyň gelip, ony heläk etme.

19. Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.

20. Ahyr akylly bolaryň ýaly, nesihata gulak goý, öwüdi kabul et.

21. Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.

22. Adamdan garaşylýany wepalylykdyr, Garyp adam ýalançydan ýagşydyr.

23. Kim Rebden gorkýan bolsa ýaşar! Ol kanagatly hem kynçylyksyz ýaşar.

24. Ýalta tabaga uzadan elini hatda agzyna ýetirmez.

25. Masgaralaýjyny ur, nadanlar paýhaslylyk öwrener, düşünjelini terbiýele, ol bilim alar.

26. Atasyna zulum edýän we enesini kowýan ogul masgaralyk hem ysnat getirýär.

27. Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň, öwüdi diňlemekden saklanarsyň.

28. Nämynasyp şaýat adalatyň üstünden gülýär, ýaramazlaryň agzy ýamanlyk iýýär.

29. Masgaralaýjy üçin jeza, akmagyň ýagyrnysyna urgy taýýardyr. ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 19

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 19
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 19 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 19?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 19 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 19 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Zebur Chapter 2
  3. Zebur Chapter 9
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 24
  6. Zebur Chapter 20
  7. Zebur Chapter 4

Explore More from suleymanin-pahemleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 22
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 14
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 9
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 21
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 17
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 31

Related Chapters & Readings

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
  2. Eýýup Chapter 31
  3. Petrusyň ikinji haty Chapter 1
  4. 2 Timoteosa haty Chapter 4
  5. Resullaryň Işleri Chapter 12
  6. 2 Şamuwel Chapter 19
  7. Ýermeýa Chapter 14
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *